ru24.pro
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18
19
20
21 22 23 24 25
26
27
28 29 30 31

Новости за 01.07.2025

Belgradda bolan çaknyşyklar arasynda, polisiýa protestçileriň guran barrikadalaryny aýyrýar

Azathabar.com 

Serb polisiýasy Belgradda studentleriň ýolbaşçylygynda, biraz öň tutulan egindeşleriniň boşadylmagyny talap edip, ýollary, köprüleri baglan müňlerçe protestçiniň guran barrikkadalaryny aýryp, köçeleri arassalamaga başlady. Polisiýanyň 30-njy iýunda geçiren operasiýasy protestçileriň aşa artyk, ýowuz güýç ulanylandygy baradaky aýyplamalarynyň arasyna gabat geldi, häkimiýetler özleriniň "ýokary professionallyk” bilen hereket edýändiklerini aýdyp, aýyplamalary ret etdiler. Arassalaýyş operasiýasy wagtynda tussag edilenleriň sany aýan edilmedi. Читать дальше...

Gymmatbaha dabaralar, kynçylyklar ilaty özgerişlige taýýarlaýar - synçy

Azathabar.com 

Türkmenistanlylar indi birnäçe gün bäri ýurt ilatynyň aglaba köplüginiň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklarynyň fonunda tutulan doglan gün toýy barada oturan-turan ýerlerinde gürrüň edýärler, sosial mediada pikirlerini aýdýarlar diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär. Türkmenistanda 2013-nji ýyldan bäri geçirilýän we Berdimuhamedowyň doglan gün dabaralary bilen jemlenýän Medeniýet hepdeligi bu ýyl goşa ýubileý hökmünde, hem Arkadag şäheriniň iki ýyllygy, hem-de öňki prezidentiň 68 ýaşynyň toýy hökmünde... Читать дальше...

Eýranyň baş diplomaty ýadro gepleşikleriniň tiz wagtda gaýtadan başlanmagyna garaşmaýandygyny aýtdy

Azathabar.com 

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi ABŞ bilen Tähranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň tiz wagtda täzeden başlanmagyna garaşmaýandygyny aýtdy. Bu beýanat ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň şu hepde Tähran bilen gepleşikleriň täzeden başlanjakdygy baradaky öňki beýanatyndan yza çekilip, häzirki wagtda Eýran bilen gepleşik geçirmeýändigini aýtmagynyň yzýany edildi. 30-njy iýunda efire berlen interwýusynda Aragçiden Trampyň geçen hepde Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň tiz... Читать дальше...

Täjigistanda bir eje dört perzendi bilen özüni derýa oklady: iki çaga ýogaldy, galan ikisi gözlenýär

Azathabar.com 

30-njy iýunda agşam Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Farhor etrabynyň Kizisu obasynda pajygaly waka bolup geçdi: bir eje dört sany kiçi ýaşly çagasy bilen özüni Suhrab derýasyna oklady. Şaýatlar wakanyň bolan ýerinden düşürilen wideo ýazgylary we suratlary Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy, Radio Ozodiniň redaksiýasyna ugratdy. Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitetiniň 1-nji iýulda beren maglumatyna görä, aýaly halas etmek başardypdyr. Emma onuň iki perzendiniň jansyz jesetleri suwdan çykarylypdyr. Читать дальше...

Bakuwda RT telekanalynyň Ruptly bölümine degişli žurnalist tussag edildi

Azathabar.com 

Bakuwda Kremle tarapdar “Sputnik Azerbaýjan” redaksiýasynyň ofisinde geçirilen gözleg wagtynda wideo ýazgy eden, RT telekanalynyň Ruptly wideo-agentliginiň žurnalisti Aýtekin Guseýnowa tussag edildi. Bu barada agentligiň özi, žurnalistiň ejesine salgylanyp habar berdi. Tussag edilmäniň sebäpleri aýdylmaýar. 30-njy iýunda irden “Sputnik Azerbaýjan” neşiriniň redaksiýasynda gözleg geçirildi. Azerbaýjanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, neşiriň akkreditasiýasy heniz fewral aýynda togtadylan bolsa-da... Читать дальше...

Tramp Siriýa garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagy baradaky permana gol çekdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Siriýa garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyny we eksport gözegçiliginiň gowşadylmagyny göz öňünde tutýan permana gol çekdi. Bu barada Ak Tamyň resmi sahypasynda habar berilýär. Resminamada, şol sanda, Siriýa berilýän kreditlere we kömek serişdelerine goýlan çäklendirmeleriň, şeýle-de harytlaryň we tehnologiýalaryň eksportyna degişli gadagançylyklaryň ýatyrylmagy hem göz öňünde tutulýar. 2024-nji ýylyň dekabrynda Russiýa gaçan Siriýanyň öňki prezidenti Başar Asada... Читать дальше...