
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan owganystanlylar ýerli studentleriň kemsitmelerine we urgularyna sezewar edilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri habar berdiler. Olar hususan-da, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna we Mary welaýatynda ýerleşýän döwlet energetika institutyna degişli ýagdaý barada maglumat berdiler. Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeler Owganystandan gelip Türkmenistanda bilim alýan ýaşlar "kemsidilýär... Читать дальше...
Türkmenistanda oglanlaryň, ýaş ýigitleriň ýetmezçiligi indi ençeme ýyl bäri ýitileşýär, gyz-gelinler dowamly erkek ýetmezçiliginden alada galýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Anonimlik şertinde gürleşen birnäçe gyzyň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý gyzlaryň käbiriniň janyna kast etmegine hem sebäp bolýar. Ýigitleriň sanynyň kemelmegi gyzlaryň durmuş gurmakda, maşgala bolmakda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna alyp gelýär. Ýurtdaky maglumat ýapyklygy, berk döwlet senzurasy bu ugurdaky sanlaryň aýan edilmegine ýol bermeýär. Читать дальше...
Lebap welaýatynyň şäherleri we kiçiräk ilatly ýerleriniň ençemesi soňky günlerde elektrik togy bilen kadaly üpjün edilmeýär. Ýerli ýaşaýjylar ýaşaýyş jaýlarynda we edara binalarynda toguň yzly-yzyna öçüp durýandygyny we günüň uly böleginde bolmaýandygyny aýdýarlar. Elektrik togunyň kesilmegi iýulyň başyndan bäri dowam edýär we ilatly ýerleriň suw üpjünçiligine hem täsir ýetirýär. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Hojambaz, Halaç, Köýtendag, Çärjew, Saýat etraplarynda... Читать дальше...
Türkmenistan ilkinji gezek zenanlaryň arasynda geçirilýän küşt boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşýar. 5-29-njy iýul aralygynda Gürjüstanyň Batumi şäherinde geçýän ýaryşda ýurda FIDE ussady Läle Şöhradowa wekilçilik edýär. Dünýäniň iň güýçli 107 zenan küştçsüniň gatnaşýan bu çempionaty olimpiýa kadalaryna laýyklykda geçirilýär, ýagny utulan oýunçy ýaryşdan çykýar. 19 ýaşly türkmen küştçüsi ilkinji oýnuny hindistanly grossmeýster Agrawal Wantiku garşy geçirer. Şöhradowanyň FIDE reýtingi 2135, onuň garşydaşynyňky 2388-e deň. Читать дальше...
ABŞ-nyň Tehas ştatynda güýçli suw joşmalarynyň netijesinde ýogalanlaryň sany 82 adama ýetdi, olaryň arasynda 28 çaga hem bar diýip, CNN telekanaly maglumat berýär. Mundan başga-da, onlarça adamyň henizem ýitirim bolandygy hasaplanýar. 4-nji iýula geçilen gije güýçli ýagyşlar Tehasdaky Guwadalupe derýasynda dessine suw joşmasyny döretdi. Maglumata görä, suwuň derejesi bary-ýogy 45 minutda 8 metre galdy. Ýitirim bolandygyny hasaplanýanlaryň arasynda, derýanyň kenaryndaky tomusky lagerde bolan çagalar hem bar. Читать дальше...