ru24.pro
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18
19
20
21 22 23 24 25
26
27
28 29 30 31

Новости за 03.07.2025

Türkmen baş diplomaty Azerbaýjanyň prezidenti bilen duşuşdy

Azathabar.com 

3-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen duşuşdy. Bu Hankendi şäherinde geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji sammitiniň çäklerinde geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi diýip, resmi beýanatda bellenilýär.

Balkanly mugallymlar zähmet dynç alşynda abatlaýyş we otag işlerine gatnaşmaga mejbur edilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 1-nji iýulda bilim we terbiýeçilik işgärleriniň aglabasy üçin 45 günlük kanuny zähmet dynç alyş möwsümi başlandy. Muňa garamazdan, Balkan welaýatynda zähmet rugsadyndaky mugallymlaryň tas ählisinden abatlaýyş we gowaça meýdanlarynda otag işlerine gatnaşmak talap edilýär. Bu ýagdaýlar barada balkanly mugallymlaryň onlarçasy anonimlik şertinde 3-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi. “Mekdep müdirleri mugallymlara zhämet dynç alşynda hem her gün gelip... Читать дальше...

Daşoguzda esgerleriň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşýan ene-atalaryň sany göz-görtele azaldy

Azathabar.com 

Şu ýyl Daşoguz welaýatyndaky harby bölümde goşun gullugyna ýazky çagyryş boýunça alnan raýatlaryň harby kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşan ene-atalaryň sany göz-görtele az boldy. Bu barada dabara gatnaşan ene-atalaryň we harby ofiserleriň ençemesi 3-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi. “Irden sagat 8:30-da Gubadag etrabyndaky harby bölümiň gapysyny açyp, kasam kabul edýän esgerleriň ene-atalaryny we hossarlaryny içeri saldylar. Olara esger çagalaryny ýanlarynda oturdyp... Читать дальше...

Arkadag şäherinden öý satyn alýan raýatlaryň türkmen bolmagy tabşyryldy - çeşme

Azathabar.com 

Arkadag şäherinde kaşaň binalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryň ýüzlerçesi guruldy. Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanyna milliardlarça amerikan dollaryna gurlup, 2023-nji ýylda açylan bu şäherde gurluşyklar dowam edýärkä, bu ýerdäki gymmatbaha jaýlar diňe saýlanan raýatlara satylýar. Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmelerine görä, indi şäheriň ýaşaýjylarynyň diňe etniki türkmen bolmagy talap edilýär. "Arkadagda öý satyn almak isleýän türkmen raýatlarynyň milletiniň türkmen bolmalydygy ýokardan berk tabşyryldy" diýip... Читать дальше...

CPJ Gyrgyzystanyň prezidentini “howply” KHS baradaky kanuna weto goýmaga çagyrdy

Azathabar.com 

Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowy köpçülikleýin habar serişdeleri (KHS) baradaky täze kanuna weto goýmaga çagyrdy. Bu kanun ähli metbugat neşirleriniň döwlet edarasynda hasaba alynmagyny talap edýär we daşary ýurt ýuridiki taraplarynyň metbugat serişdelerini esaslandyrmagyny ýa-da eýeçiligini gadagan edýär. Parlament bu kanuny 25-nji iýunda kabul etdi we soňky iki ýylyň dowamynda žurnalistleriň gatnaşmagynda işlenip düzülen kanunyň aram görnüşini ret etdi. Читать дальше...

ABŞ Eýranyň AEHA bilen hyzmatdaşlygyny bes etmegini kabul ederliksiz hasaplaýar

Azathabar.com 

ABŞ Eýranyň Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligi (AEHA) bilen hyzmatdaşlygyny togtatmak kararyny ýazgardy. Eýranyň döwlet metbugatynyň habar bermegine görä, 2-nji iýulda Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan parlament tarapyndan golaýda kabul edilen we BMG-niň ýadro gözegçilik edarasy bilen gatnaşygyň togtadylmagyny göz öňünde tutýan kanuna gol çekdi. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Temmi Brýus metbugat ýygnagynda Eýranyň bu çözgüdini “kabul ederliksiz” diýip atlandyrdy we Tährany AEHA bilen... Читать дальше...

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň ilçisine protest bildirdi

Azathabar.com 

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi 2-nji iýulda Russiýanyň Bakuwdaky ilçisi Mihaýil Ýewdokimowy ministrlige çagyrdy. Ministrligiň resmi web sahypasynda ýerleşdirilen beýanata görä, ilçä “iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara zeper ýetirýän duşmançylykly hereketler bilen baglylykda Azerbaýjan tarapynyň protesti” ýetirildi. “27-nji iýunda Ýekaterinburg şäherinde azerbaýjanlylaryň öýlerine geçirilen reýdleriň dowamynda iki raýatyň ölmegi we käbirleriniň agyr beden şikeslerini almagy bilen baglylykda... Читать дальше...