ru24.pro
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18
19
20
21 22 23 24 25
26
27
28 29 30 31

Новости за 31.07.2025

Günbatar welaýatda tomsuň yssysynda dümew ýaýraýar

Azathabar.com 

Balkanabatda ýiti dem alyş wirusly kesel giň ýaýraýar. Tomsyň yssysynda ýüze çykan bu dümew alamatly hassalyk ýokary beden gyzgynlygy, üsgülewük, demgysma ýaly alamatlar bilen geçip, hassahanalara ýüz tutýan raýatlaryň köpelmegine sebäp bolýar. "Dem alyş ýollarynyň hassalygy pasyl saýlaman, tomus aýlarynda hem birden ýüze çykýar we tiz ýokaşýar. Bu adamlarda dürli soraglary döredýär, emma lukmanlar adamlara hakykaty aýtmakdan saklanýarlar" diýip, balkanly lukman 31-nji iýulda aýtdy. Şu günler Balkan... Читать дальше...

Sahatow we Orusow ýitirim boldy. Olaryň aklawçysy we Sahatowyň aýaly türk häkimiýetlerine ýüz tutdy

Azathabar.com 

Türkiýede deportasiýa merkezinde saklanan wagty ýitirim bolan Alişer Sahatowyň aýaly türk häkimiýetlerine ýüz tutdy. Türkmen aktiwistleri Sahatowyň we Abdylla Orusowyň bir hepde bäri nirededigi näbelli galýar, olaryň aklawçysy Türkiýäniň prezident edarasyna ýüzlendi. Gülala Hasanowa iki türkmenistanlynyň ýitirm bolanlygy barada 29-njy iýulda Sinop şäheriniň prokuraturasyna arza bilen ýüz tutdy. Gülalanyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, ol soňky gezek adamsy bilen 24-nji iýulda agşam gepleşipdir. Читать дальше...

Arkadag gurluşyklarynda işleýän işçiler 'gaty ezilýändiklerini' aýdýarlar

Azathabar.com 

Azatlygyň habarçysy Arkadag şäheriniň gurluşyklarynda işleýän içerki migrantlaryň, aşa yssy howa zerarly, gijelerine, giç sagat 23:30-da işe başlap, ir sagat 8:30-a çenli, gijeki iş tertibinde, agyr şertlerde işleýändiklerini, olaryň alýan aýlyk haklarynyň, dollaryň gara bazar kursunda hasaplananda, 200-250 amerikan dollaryndan geçmeýändigini habar berýär. Bu maglumat Arkadag şäherinde “täze şaýoluň we döwrebap köpriniň” uly dabara, aýdym-saz bilen açylan gününiň ertesi geldi. Täze köpriniň uzynlygy 627 metr... Читать дальше...

Gyrgyzystanda maý aýynda öldürilen Aýzirek Eraliýewanyň adamsynyň işi boýunça kazyýet diňlenişigi başlandy

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Oş welaýatynyň Özgen etrap kazyýetinde ýerli ýaşaýjy Aýzirek Eraliýewanyň öldürilmegi bilen bagly iş boýunça kazyýet diňlenişigi başlady. Bu jenaýat işinde Eraliýewanyň adamsy aýyplanýan hökmünde geçýär. Ol adam öldürmekden başga-da, ýarag we ok-däri serişdeleriniň bikanun dolanyşygynda aýyplanýar. Eraliýewanyň garyndaşlary oňa ömürlik türme tussaglygyny talap edýärler. Aýzirek Eraliýewa Oş welaýatynyň Kara-Kulja etrabynda mekdep uçurymlarynyň 20 ýyllyk duşuşygynyň soňundan öldürildi. Читать дальше...

Arap ýurtlary we Türkiýe ilkinji gezek Hamasyň 7-nji oktýabrdaky hüjümini ýazgardylar

Azathabar.com 

Saud Arabystany, Müsür, Katar, Iordaniýa ýaly Arap ligasyna girýän döwletler, şeýle hem Türkiýe we Ýewropa Bileleşigi Hamas radikal toparynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ysraýyla garşy amala aşyran hüjümini ýazgarýan bilelikdäki ilkinji deklarasiýa gol çekdiler. ABŞ we ÝB Hamasy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär. Bu dokument BMG-niň iki döwlet ýörelgesini dikeltmek maksady bilen geçirilen konferensiýasynda kabul edilip, onda ähli zamunlary boşatmak, ýaraglary tabşyrmak we Gazanyň gözegçiliginden... Читать дальше...