ru24.pro
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18
19
20
21 22 23 24 25
26
27
28 29 30 31

Новости за 17.07.2025

'Prezident gyzlarynyň diplomatiýasy'. Gurbanguly Berdimuhamedow gyzy bilen Azerbaýjana sapar etdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewa öz kakasy bilen bile Azerbaýjana sapar etdi. Olary ýurduň prezidenti Ylham Alyýew öz gyzy bilen garşy aldy. Türkmenistanyň prezidentiniň aýal dogany Oguljahan Atabaýewanyň ýurduň syýasy durmuşynda ýaňy ýakynda peýda bolup, soňky birnäçe aýyň dowamynda görkezýän aktiwligi köpçüligiň ünsüni çekýär. 16-njy iýulda goňşy ýurda sapar eden Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bakuwda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen duşuşdy. Читать дальше...

Gazagystanda nikalaşmaga mejbur etmäge garşy jenaýat jogapkärçiligi girizildi

Azathabar.com 

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew stalkinge (yzygiderli yzarlama) we nikalaşmaga mejbur etmäge garşy ilkinji gezek jenaýat jogapkärçiligini göz öňünde tutýan kanuny üýtgetmelere gol çekdi. Bu barada Akordyresmi websaýtda mälim edilýär. Üýtgetmeler Jenaýat kodeksine, Jenaýat-prosessual kodeksine, Jenaýat-berjaý ediş kodeksine, şeýle hem nikalaşmak we maşgala baradaky kanunlara girizildi. Deputat Murat Abenowyň maglumatyna görä, soňky üç ýylda Gazagystanyň hukuk goraýjy edaralaryna zenanlary zor bilen alyp gaçyp... Читать дальше...

Taýwan Hytaýyň mümkin çozuş howpuna garşy giň gerimli harby türgenleşik geçirýär

Azathabar.com 

Taýwanda giň gerimli harby we raýat goranyş türgenleşikleri dowam etdirilýär. Bu çäreler materik Hytaýynyň mümkin bolan harby çozuşyna taýýarlyk maksady bilen gurnalýar diýip, AFP habar berýär. 17-nji iýulda irden howa duýduryş signallary berlen badyna, paýtagt Taýpeýde ähli hereket ýarym sagat togtadyldy: köçeler boşadyldy, ýaşaýjylar metro, ýerasty geçelgelere we gaçybatalgalara ýerleşdirildi. Polisiýa ulaglaryň hereketini saklap, adamlary howpsuz ýerlere geçirdi. Käbir ýaşaýjylar edara binalarynyň ýerzeminlerinde gizlendi. Читать дальше...

Täze bazarda işlejek adamlaryň 'üç arkasy' barlanýar

Azathabar.com 

Azatlygyň habarçysy Türkmenistan bilen Özbegistanyň araçäginde, serhet boýundaky bitarap zolakda gurulýan ortalyk bazaryň, erkin söwda zolagynyň şu aýyň aýagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga beriljekdigini habar berýär, ýöne bu maglumaty resmi ýagdaýda tassyklatmak ýa inkär etdirmek mümkinçiligi ýok. Resmi habarlara görä, Türkmenistan we Özbegistan ýakyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we anyk mazmun bilen doldurmaga iki tarapyň hem taýýardygyny tassyklaýar, ýöne gepleşikler köplenç diňe gepleşik bolup galýar. Читать дальше...

Stambulyň oppozision häkimi prokurory kemsideni üçin bir ýyl sekiz aý türmä höküm edildi

Azathabar.com 

Türkiýäniň kazyýeti Stambulyň häkimi Ekrem Imamogluny, beýleki bildirilen aýyplamalaryň hataryndan, şäheriň prokuroryny kemsitmek we oňa haýbat atmak işinde günäli tapdy we ony bir ýyl sekiz aý azatlykdan mahrum etdi diýip, türk metbugaty habar berýär. Şol bir wagtda, sud onuň syýasy iş alyp barmagyna çäklendirme girizmedi. Bu işiň gozgalmagyna Imamoglunyň şu ýylyň ýanwar aýynda Stambulyň baş prokurory Akyn Gürlek barada aýdan sözleri sebäp boldy. Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň esasy... Читать дальше...

Ysraýyl Siriýanyň Baş ştabyna zarba urdy, ýurduň günortasyndaky ýagdaýlar ýitileşýär

Azathabar.com 

16-njy iýulda Ysraýyl Siriýanyň paýtagty Damaskda ýerleşýän ýurduň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň binasynyň girelgesine dron bilen hüjüm etdi. Bu zarba Siriýanyň günortasynda ýagdaýyň ýitileşmeginiň fonunda amala aşyryldy. Ysraýyl goşuny bu hüjümi Siriýadaky druz azlygynyň goragy hökmünde hökümet güýçlerine garşy amala aşyrandygyny aýtdy. Druzlaryň beduinler bilen çaknyşmagy we onuň yzysüre hökümet goşunlarynyň hüjümleri netijesinde 200-den gowrak adam heläk boldy. Mundan öň, Siriýanyň hökümet... Читать дальше...