Türkmenistanly Zülfiýa Kajyr we gyzy bir ýyla golaý wagtdan soň Türkmenistany terk etdiler. Zenan çagasy bilen bilelikde Türkiýä gaýdyp bildi. Zulfiýanyň adamsy Ahmed Sefa Kajyr aýaly we çagasy bilen howa menzilinde duşuşýan pursadyny 15-nji iýulda TikTok-da paýlaşdy. Pasportyny täzelemek üçin oz çagasy bilen Türkmenistana baran zenan bir ýyllap ýurtdan çykarylmandy. Birnäçe ýyllap Stambulda ýaşaýan Zulfiýa Kajyr 2024-nji ýylyň iýul aýynda watanyna - Türkmenistana pasportyny çalyşmak üçin barypdy. Читать дальше...
Türkmen polisiýasy daşary ýurtda işläp, maşgalasyny ekleýän atanyň 16 ýaşyndaky ogluna iberen 100 dollaryny elinden alyp, onuň dostlary bilen bellejek doglan gün çäresini bozdy diýip, Azatlygyň Ahaldaky habarçysy habar berýär. Ýanýoldaşy Russiýada işleýän kakaly ene polisiýanyň ogluna töhmet atandygyny we ýetginjege iberilen pul sowgadyny para hökmünde bermäge mejbur bolandygyny aýtdy. Bu waka, doglan gün çäresine ýygnanan dört ýetginjekden, olaryň ejelerinden başga, oglanlary köçede saklan we polisiýa bölümine alyp giden hukuk goraýjylar... Читать дальше...
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna bilim almak isleýänleri kabul etmek möwsümi dowam edýär. Azatlygyň habarçylary paýtagtda abiturientlerden edilýän talaplara geçen ýyldan tapawutlanýan täzesiniň goşulandygyna ünsi çekýärler. Hususan-da, ýaşlaryň tabşyrmaly dokumentleriniň arasyndaky saglyk resminamasy Arkadag şäherinden alynmaly diýilýär. "ÝOJ-da 10-njy iýuldan bäri dowam edýän abiturientler üçin synag-kabul edişlik möwsüminde ýaşlardan orta mekdebi ýa-da ýörite orta mekdebi gutarandygy barada... Читать дальше...
Gyrgyzystanda “Kloop” mediasynyň azyndan dört işgäriniň bank hasaplary doňduryldy diýip, neşiriň özi habar berýär. Žurnalistler hasaplarynyň doňdurylandygyny banklaryň iberen duýduryşy arkaly bilipdirler. Banklar Bişkegiň Perwomayskiý etrap kazyýetiniň 2025-nji ýylyň iýul aýynyň başynda çykaran kararlaryna salgylanýarlar. Neşir bu çäräniň “Kloop” žurnalistleriniň käbir häzirki we öňki işgärlerine garşy köpçülikleýin bidüzgünçilige çagyrmak bilen baglanyşykly gozgalan jenaýat işi bilen ilteşiklidigini çaklaýar. Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy, jynsy zorluk bilen bagly jenaýatlarda aýyplanan we tussaglykda ýogalan maliýeçi Jeffri Epşteýniň işi boýunça uly eminler toparynyň görkezmeleriniň köpçülige elýeterli edilmegi üçin suda ýüz tutmagy meýilleşdirýär. Bu barada ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň soňky hasabatynda Epşteýniň işi bilen baglanyşykly birnäçe dildüwşük teoriýasynyň esasly däldigi aýdylandan soňra, Trampyň tarapdarlarynyň bir böleginde nägileligiň döremeginiň arasynda bolup geçýär. Читать дальше...
Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa gulluklary 2024-nji ýylyň güýzünde başlanan "Merkezi Aziýa Sport Şahsyýeti - Päsgelçilikleri ýeňip geçmek" bäsleşigini jemledi. Bu başlangyç, düýpli päsgelçiliklere, şol sanda jemgyýetçilik ýagdaýlaryna, medeni gadaganlyklara, fiziki ýa-da sosial kynçylyklara garamazdan, adatdan daşary üstünlik gazanan türgenleri dabaralandyrmagy maksat edinýär. Bu bäsleşik yglan edileli bäri, Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa gulluklary öz diňleýjilerinden uly seslenme, teklipler tapgyryny aldy. Читать дальше...