ru24.pro
World News in Turkmen
Июль
2025
1 2 3 4
5
6
7 8 9 10 11
12
13
14 15 16 17 18
19
20
21 22 23 24 25
26
27
28 29 30 31

Новости за 25.07.2025

'Süňk hem gymmatlady'. Etiň gymmatlamagy ilatyň iýmit aladasyny artdyrdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda etiň gymmatlamagy ilatyň satyn alyjylyk ukybyny ýene gowşatdy. Bazarlarda etiň nyrhy ýokarlanýarka döwlet dükanlarynda arzan bahadan et önümleri satuwdan aýryldy. Bu ýagdaý ilat köpçüliginiň azyk üpjünçiligi bilen bagly aladalaryny ýene-de güýçlendirdi. Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary ýerli döwlet dükanlarynda et önümleriniň bir aý bäri tapylmaýandygyny aýdýarlar. "Häzir goýun we sygyr etiniň bahasynyň gymmatlamagy adamlaryň arzan, ýagny öň 1 kg 50 manatdan satylan ete uly isleg bildirmegine sebäp bolýar. Читать дальше...

Türkmenabat bazarlarynda ýarawsyz, gartaşan dilegçiler köpelýär - çeşmeler

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň merkezi şäherinde dilegçilik edýän adamlaryň arasynda pensionerleriň, durmuş goragyna mätäç bolan raýatlaryň sany günsaýyn köpelýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Anonimlik şertinde pikirini aýdan raýatlaryň köpüsiniň ynanjyna görä, bu ýagdaý bir tarapdan ýurtdaky ykdysady kynçylyklar bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, HMAT-laryň, hemaýata mätäçleri anyklaýjy toparlaryň “adalatsyzlygy” bilen bagly. Türkmenabadyň Ikinji daýhan bazarynyň, Gök bazarynyň öňünde dilegçilik edýän adamlar... Читать дальше...

CPJ Gyrgyzystany žurnalist Askarowyň ölümi boýunça garaşsyz derňew geçirmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini 2020-nji ýylda türmede aradan çykan žurnalist, CPJ-niň baýragynyň eýesi Azimjon Askarowyň ölüminiň ýagdaýlaryna degişli giňişleýin we garaşsyz derňew geçirmäge çagyrdy. Resmi beýanata görä, Askarow 2020-nji ýylyň 25-nji iýulynda, COVID-19 bilen bagly ýüze çykan kynçylyklar sebäpli, türmede aradan çykypdyr. Emma häkimiýetler, 69 ýaşyndaky žurnaliste uzak wagtlap saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna garamazdan zerur lukmançylyk... Читать дальше...

Makron: Fransiýa sentýabrda Palestina döwletini ykrar eder

Azathabar.com 

Fransiýa şu ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda Palestina döwletini resmi taýdan ykrar eder diýip, ýurduň prezidenti Emmanuel Makron 24-nji iýulda mälim etdi. Makron bu barada Palestina Awtonomiýasynyň ýolbaşçysy Mahmud Abbasa ýazan hatynyň nusgasyny X sahypasynda paýlaşdy. Hatda bellenilişine görä, Makron şeýle kararyň Ýakyn Gündogardaky konfliktiniň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine ýardam berjekdigine ynanýar. Şeýlelikde, Fransiýa Palestina halkynyň diňe döwlet gurmak hukugyny däl... Читать дальше...