ru24.pro
World News in Turkmen
Июнь
2025
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20
21
22 23 24 25 26 27
28
29
30

Новости за 30.06.2025

BMG-niň baş ýadro gözegçisi Eýranyň birazdan uran baýlaşdyryp biljegini aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň we Ysraýylyň soňky howa zarbalarynyň ýadro desgalaryna düýpli zyýan ýetirmegine garamazdan, Eýran baýlaşdyrylan uran öndürmegini birnäçe aýyň içinde dikeldip biler diýip, BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugynyň başlygy aýtdy. "Ol ýerde olaryň bar bolan ukyp-başarnyklary bar. Olar indi, bilşiňiz ýaly, bary-ýogy birnäçe aýdan, aýdaly, birnäçe kaskad sentrifuganyň aýlanyp, baýlaşdyrylan uran öndürmegine ýa-da onuň bäri ýanyna eýe bolup bilerler” diýip, Rafael Grossi CBS News habar gullugyna beren... Читать дальше...

Pasportyny täzelemek üçin Türkmenistana baran zenan we onuň çagasy bir ýyllap ýurtdan çykylmaýar

Azathabar.com 

Türkmen raýaty Zulfiýa Kajyr prezident Serdar Berdimuhamedowdan ony ýurtdan çykarmagyny soraýar. Pasportyny çalyşmak üçin bir ýyl töweregi öň Türkiýeden Aşgabada baran zenan ýurtdan gaýtmakçy bolanda ony howa menzilinde hiç hili düşündiriş bermezden saklap, ýurduň daşyna çykmak gadagan edilipdir. Zulfiýa Kajyra Stambulda adamsy garaşýar. Ol Türkiýäniň raýaty. Zenanyň 6 ýaşly gyzy onuň ýanynda Aşgabatda galýar. Çaga medisina kömegine mätäç. Jübüt ýardam sorap, Türkmenistanyň we Türkiýäniň ähli häkimiýetlerine ýüz tutdy, ýöne bu kömek etmedi. Читать дальше...

Onlarça tükmen migranty Moskwanyň deportasion merkezinde saklanýar

Azathabar.com 

Moskwanyň deportasiýa merkezlerine günde polisiýa tarapyndan saklanan işçi migrantlaryň ençemesi düşýär. Russiýa gazanç etmäge baryp, migrasiýa häkimiýetleriniň eline düşýänleriň ençemesi Merkezi aziýanyň raýatlary bolup, olaryň arasynda türkmen raýatlary hem bar. Russiýada saklanyp, deportasiýa edilen türkmen raýatlary barada anyk statistika maglumatlary elýeter däl, emma Azatlygyň habarçylary käbir ýagdaýlary anyklap bildiler. Türkmenistanyň onlarça raýaty häzir Moskwanyň deportasiýa merkezlerinde saklanýar. Читать дальше...

AEHA: Eýran ýakyn wagtda urany baýlaşdyrmaga başlap biler

Azathabar.com 

Eýran urany baýlaşdyrmak boýunça önümçiligini täzeden dikeltmek üçin tehniki mümkinçiliklerini saklaýar we bu işi birnäçe aýyň dowamynda täzeden ýola goýup biler. Bu barada Atom energiýasy boýunça Halkara agentliginiň (AEHA) başlygy Rafaýel Grossi CBS telekanalyna beren interwýusynda aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ysraýyl bilen ABŞ-nyň Eýranyň ýadro desgalaryna uran zarbalary möhüm zyýan ýetiripdir, emma bu kesgitleýji bolmandyr. Mundan ozal, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ysraýyl we Birleşen Ştatlar tarapyndan urlan zarbalardan soň... Читать дальше...

Azerbaýjan Russiýa bilen baglanyşykly medeni çäreleriň ählisini ýatyrdy

Azathabar.com 

Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi ýurduň çäklerinde Russiýanyň döwlet we hususy edaralary tarapyndan meýilleşdirilen medeni çäreleriň ählisiniň ýatyrylandygyny mälim etdi. Ministrligiň maglumatynagörä, bu karar Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde “etniki gelip çykyşy esasynda azerbaýjanlylara garşy maksatly gönükdirilen hereketleriň” netijesinde kabul edildi. Ýatyrylan çäreleriň hatarynda konsertler, festiwallar, sergiler, sahna oýunlary we beýleki medeni programmalar bar. Bu çäreler üçin bilet alan raýatlar biletlerini yzyna tabşyryp... Читать дальше...