ru24.pro
World News in Turkmen
Июнь
2025
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20
21
22 23 24 25 26 27
28
29
30

Новости за 18.06.2025

Aşgabatda garaşylan hajylar eglendi, Eýrana gidenler 'gyssagly yzyna dolanýar'

Azathabar.com 

Goňşy Eýrandaky galagoply ýagdaýlaryň arasynda, Ysraýyl-Eýran konflikti başlanmazyndan has öň Türkmenistandan Saud Arabystanyna giden we haj zyýaratlaryny berjaý edip, 17-nji iýunda yzyna dolanmaly adamlar Aşgabat howa menziline gelmedi diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. “Saud Arabystanyna giden zyýaratçylaryň bir bölegi 17-nji iýunda yzlaryna dolanyp gelmelidi, olary garşy almak we ilkinjileriň hatarynda gutlamak isleýän hossarlary, dost-ýarlary Aşgabat howa menziline gelip, garaşyp durdular” diýip... Читать дальше...

Hökümet 2000 tonnadan gowrak pile tabşyran daýhanlaryň 'puluny tölemýär'

Azathabar.com 

Gyzylarbat, Magtymguly we Berket etraplarynyň daýhanlary, mugallymlary 2025-nji ýylda öndürip, döwlete tabşyran pileleriniň pullaryny henizem alyp bilmeýärler diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy habar berýär. Pile tabşyran adamlar döwletiň mundan öňki ýyllarda daýhanlar bilen uzaga çekmän hasaplaşandygyny aýdýarlar. Ýurduň beýleki sebitlerindäki habarçylarymyz hem hökümetiň pile tölegini gijikdirendigini tassyk etdiler. Balkandaky habarçymyz bilen gürleşen daýhanlar döwletiň ozal pile hakyny bir hepdä galman töländigini... Читать дальше...

Tramp Eýranyň ruhany lideriniň “häzirlikçe howpsuzdygyny” aýtdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň nirededigini anyk bilýändigini we onuň häzirlikçe “howpsuzdygyny” aýtdy. Bu Ysraýylyň “uly möçberli” howa zarbalary barada beren duýduryşlaryndan soň, Tähranyň ýaşaýjylarynyň paýtagty terk edip başlan wagtyna gabat geldi. Tramp 17-nji iýunda ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynyň öňüsyrasynda sosial ulgamda ýerleşdiren ýüzlenmesinde Hameneýä gönükdirilen açyk duýduryş bilen çykyş edip, Eýrany “şertsiz boýun egmäge” çagyrdy. Читать дальше...

Esgerler goşun gullugyndan öýlerine dolanýar, ýaşlarda harby gulluga isleg gaçýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda harby borjuny ýerine ýetiren raýatlaryň goşun gullugyndan gaýdyp gelmek möwsümi dowam edýär. Goşundan gaýdyp gelýän ýaşlaryň goşunda ýagdaý barada beren gürrüňlerine görä, olaryň watanyň öňündäki harby borjuny ýerine ýetirmek boýunça gulluk möhletiniň aglaba bölegi mugt iş güýji hökmünde dürli agyr işlerde, şeýle-de açlykda we sütemde geçipdir. Türkmenistanda harby gullugyny tamamlap öýlerine gowuşýan oglanlaryň harby gullukda öz başlaryndan geçen günlerini ýatlap, 'hiç kime gulluk... Читать дальше...

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça dialog geçirildi

Azathabar.com 

17-nji iýunda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde adam hukuklaryny depelemekde tankytlanýan Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisi geçirildi. Resmi türkmen maglumatyna görä, onuň çäginde adam hukuklary babatynda hereketleriň milli meýilnamalaryny durmuşa geçirmek, hukugyň hökmürowanlygyny berkitmek, gender deňligini üpjün etmek, zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek ýaly meselelere garalypdyr. Dialogyň netijeleri boýunça taraplar... Читать дальше...

Ysraýyl Eýranyň Meşhed şäherine zarba urdy, ol Türkmenistanyň serhedine golaý ýerleşýär

Azathabar.com 

Ysraýylyň Harby howa güýçleri Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Meşhed şäherine zarba urdy. Hüjümde şäheriň howa menzilinde duran ýangyç guýujy uçar nyşana alyndy. Bu barada Ysraýylyň Goranmak güýçleriniň metbugat gullugy habar berdi. Meşhed Ysraýyldan takmynan 2 müň 300 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Metbugat beýanatynda bu hüjümiň “operasiýanyň başlanaly bäri iň uzak aralyga amala aşyrylan zarba” bolandygy nygtalýar. Galyberse-de, bu şäher Türkmenistanyň serhediniň golaýynda, Aşgabatdan 280 km uzaklykda ýerleşýär. Читать дальше...

Eýranyň soňky şasynyň ogly: “Yslam respublikasy dargaýar”

Azathabar.com 

1979-njy ýylda yslam rewolýusiýasynyň dowamynda häkimiýetden çetleşdirilen Eýranyň soňky şasynyň ogly Reza Pehlewi, Ysraýylyň Eýrana garşy harby operasiýasynyň fonunda, ýurduň ilatyna ýüzlenip, Eýran yslam respublikasynyň tiz wagtda dargamagyna umyt bildirdi. “Yslam respublikasy öz soňuna geldi we dargap başlady” diýip, Eýranyň häzir boş duran tagtynyň mirasdüşeri hökmünde çykyş edýän Pehlewi aýtdy. Ol häzirki ýokary ruhany lider aýatolla Ali Hameneýi hem agzap: “Hameneýi, gorkudan ýaňa hinine giren syçan ýaly bolup... Читать дальше...