
Russiýanyň Daşary işler ministriniň Aşgabada iki günlük sapary başlanýar. Sergeý Lawrowyň ýaragly konflikti başdan geçirýän Eýran bilen serhetleşýän Türkmenistana edýän bu sapary Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçiniň Aşgabada saparynyň yzýanyna gabat geldi. Resmi habarlarda "regional we halkara gün tertibindäki meseleler" Aşgabatdaky gepleşikleriň gün tertibinde agzaldy. 24-nji iýunda Türkmenistana barýan Sergeý Lawrowyň prezident Serdar Berdimuhamedow we daşary işler ministri Raşid... Читать дальше...
Balkanly pagtaçy daýhanlaryň onlarçasy döwlet tarapyndan özlerine mundan bir aý gowrak ozal paýlanylmaly mineral dökünleriň henizem berilmeýändigini aýdýar. Olar munuň hasylyň pes bolmagyna getirjekdigini, döwlete bergili çykjakdyklaryny belleýärler.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Truth Social sosial ulgamynda Ysraýyly Eýrana garşy täze hüjümleri amala aşyrmakdan saklanmaga çagyrdy we munuň “uly möçberli dartgynlylyga” sebäp boljakdygyny aýtdy. “Ysraýyl, şol bombalary taşlamaň. Uçarmanlaryňyzy öýüňize gaýtaryň”, diýip Tramp ýazdy. Tramp bu ýazgydan birnäçe minut öň, Waşingtondan Niderlandlardaky NATO-nyň sammitine gitmezinden öň žurnalistler bilen söhbetdeşlikde, 24-nji iýunda irden güýje giren ýaraşygyň düzgünlerini hem Ysraýylyň, hem-de Eýranyň bozandygyny aýtdy. Читать дальше...
Balkanly pagtaçy daýhanlaryň onlarçasy döwlet tarapyndan özlerine mundan bir aý gowrak ozal paýlanylmaly mineral dökünleriň henizem berilmeýändigini aýdýar. Olar munuň hasylyň pes bolmagyna getirjekdigini, döwlete bergili çykjakdyklaryny belleýärler. Bu aralykda, häkimiýetler daýhanlary ekin meýdanlaryny ýurda çozan çekirtgelerden goramaga niýetlenen awy pürküji enjamlary bazar bahasyndan iki esse gymmada satyn almaga mejbur edýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji iýunda sebitden maglumat berdi. Читать дальше...
Türkmen häkimiýetleriniň goňşy Eýranda dörän çylşyrymly ýagdaýlaryň arasynda yslam respublikasyndan gyssagly çykmaly bolan daşary ýurtlular üçin şeýle pursatlarda berilmeli ynsanperwerlik kömeklerini bermegi, öz gören çäreleri barada beýanat çap etmegi, şol bir wagtda-da bu wakalar bilen baglylykda kyn ýagdaýa düşen türkmenistanlylar barada hiç zat aýtmazlygy türkmen jemgyýetçiliginde öňden bar bolan soraglary ýene gün tertibine getirdi. Ýerli synçy bu habarlary yzarlaýan türkmenistanlylaryň Aşgabadyň... Читать дальше...
23-nji iýunda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gyzy Saýida Mirziýoýewany täze döredilen prezident administrasiýasynyň başlygy wezipesine belledi diýip, prezidentiň metbugat wekili mälim etdi. 40 ýaşyndaky Mirziýoýewa 2023-nji ýylyň awgustyndan bäri prezidentiň kömekçisi wezipesinde işleýärdi. Onuň öňüsyrasynda, 2022-nji ýylyň noýabryndan başlap, ol prezident administrasiýasynyň ýerine ýetiriji apparatynyň aragatnaşyk we maglumat syýasaty boýunça bölüminiň müdiri bolup işläpdi. Mirziýoýew... Читать дальше...
Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky ok atyşyklaryň bes edilmegi güýje girdi. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 24-nji iýunda irden habar berdi. “Muny bozmaň!” diýip, Tramp belledi. Mundan ozal, Ysraýylyň premýer-ministri Beniýamin Netanýahu ýurduň ok atyşyklaryň bes edilmegine razy bolandygyny mälim edipdi. Ysraýyl hökümetiniň beýanatynda aýdylmagyna görä, 13-nji iýunda Eýrana garşy başlanan harby operasiýanyň netijesinde, Ysraýyl Tähranyň ýadro we raketa wehimlerini doly ýok edip, öz öňünde goýan ähli maksatlaryna ýetdi. Читать дальше...
24-nji iýunda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistana resmi sapar bilen gelýär. Iki günlük saparyň dowamynda prezident Serdar Berdimuhamedow we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar. 19-njy iýunda Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat wekili Mariýa Zaharowa saparyň dowamynda “sebitara meseleler, dünýäde dowam edýän ýagdaýlar we iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly pikir alyşmalaryň” geçiriljekdigini mälim edipdi. Читать дальше...
23-nji iýunda Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi Türkmenistana sapar etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 24-nji iýunda beren maglumatyna görä, Eýranyň baş diplomaty özüniň türkmenistanly kärdeşi Raşid Meredow bilen duşuşypdyr. Gepleşikleriň dowamynda, özara gyzyklanma döredýän halkara we regional meseleler, hususan-da Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar barada pikir alşylypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat parahatçylygy tizden-tiz gazanmak hem-de bu sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy... Читать дальше...