ru24.pro
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 07.04.2018

Siriýa goşunlary Doumadaky pitneçilere garşy hüjümini güýçlendirýär

Azathabar.com 

Siriýa goşuny we ýaranlar Damaskyň alkymyndaky soňky gozgalaňçy mesgeninde howa zarbasy bilen azyndan 40 adamy öldürenlerinden bir gün soň, gündogar Ghoutadaky Douma şäherine edýän hüjümlerini, topa tutmalaryny we howa zarbalaryny güýçlendirdiler. Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy 7-nji aprelde siriýa we rus uruş uçarlarynyň ýarygijeden bäri Douma azyndan 30 sany howa reýdini amala aşyrandygyny aýtdy.  Britaniýada ýerleşýän uruş gözegçisiniň maglumatyna görä, dikuçarlar... Читать дальше...

Owganystanyň Jowuzjan welaýatynda YD-nyň ýerli komandiri öldürildi

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazygyndaky Jowuzjan welaýatynda “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň ýerli komandiri öldürildi diýip, owgan resmileri aýdýar. Welaýat polisiýasynyň başlygy Fakir Mohammad Jawzjani 7-nji aprelde YD komandiri Kari Hikmetiň 5-nji aprelde, owgan goşunlarynyň howa zarbasynda öldürilendigini aýtdy. Resmi Azatlyk radiosyna Hikmetiň Jowuzjanyň Darzap etrabynda öz janpenasy we iki sany beýleki söweşiji bilen bilelikde öldürilendigini aýtdy. Jawzjani hökümet güýçleriniň bu töweregi... Читать дальше...

Gaza zolagyndaky palestin protestlerinde ýedi adam öldürildi

Azathabar.com 

6-njy aprelde 20 müň çemesi palestinaly Gaza zolagynda protest bildirdi we ysraýyl goşunlarynyň ot açmagy netijesinde azyndan 7 adam öldürildi, ýüzlerçe adam bolsa ýaralandy. Öldürilenleriň arasynda 16 ýaşly oglan hem bar diýip, palestin resmileri aýtdy. Ýaraly bolanlaryň arasynda çagalar, aýallar, palestin žurnalistleri hem bar diýip, olar aýtdy.  Ýaraly bolanlaryň 150 çemesi rezin oklar bilen uruldy, beýlekileriň köpüsi göz ýaşardyjy gazdan ejir çekdi diýip, resmiler aýdýar. Resmileriň aýtmaklaryna görä... Читать дальше...

Aşgabatda ýene ýokary amatlykly jaýlar, täze awtoduralgalar we söwda merkezleri gurlar

Azathabar.com 

Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň prezidentiniň garamagyna Aşgabatda gurulmagy planlaşdyrylýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň proýekti barada maglumat berildi. TDH-nyň maglumatyna görä, täze binalar toplumy Gurbansoltan eje şaýolunyň günortasynda, umumy meýdany 25,5 gektara deň bolan ýerde gurlar.  “Taslama laýyklykda, bu ýerde 756 maşgala üçin niýetlenen 54 öýli, 8 sany dokuz gatly we 36 öýli, 9 sany, 9 gatly ýaşaýyş jaýyny, 160 orunlyk çagalar bagyny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi... Читать дальше...

Türkmenistan ikinji kaliý dökünleri kombinatyny öz güýji bilen gurmakçy bolýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy aprelde geçiren hökümet maslahatynda wise-premýer O.Gurbannazarowa kaliý dökünlerini öndürýän kombinatyň hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça degişli dokumentleri taýýarlamagy tabşyrdy.  TDH-nyň maglumatyna görä, 16-njy martda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýurduň ikinji  kaliý dökünleri kombinatynyň hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy üçin, ýeňillikli şertlerde, 3 milliard dollar möçberinde  karz  berildi. Читать дальше...

Türkmenistan ikinji kaliý dökünleri kombinatynyň gurluşygyny öz güýji bilen gurar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy aprelde geçiren hökümet maslahatynda wise-premýer O.Gurbannazarowa kaliý dökünlerini öndürýän kombinatyň hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça degişli dokumentleri taýýarlamagy tabşyrdy.  TDH-nyň maglumatyna görä, 16-njy martda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýurduň ikinji  kaliý dökünleri kombinatynyň hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy üçin, ýeňillikli şertlerde, 3 milliard dollar möçberinde  karz  berildi. Читать дальше...

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň seminara çagyran eksperti ýurda goýberilmedi

Azathabar.com 

Merkezi Aziýadaky parahatçylyk dörediji we mediatehnologiýa mekdebiniň programma direktory Inga Sikorskaýa ÝHHG-nyň Aşgabatdaky seminaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana goýberilmedi diýip, mekdebiň 6-njy aprelde ýaýradan beýanatynda aýdylýar.  Sikorskaýa 5-nji aprelde geçýän seminara ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan çagyryldy we, ekspert hökmünde, internetiň terrorçylykly maksatlar üçin ulanylmagyna garşy görülmeli çäreler boýunça çykyş etmelidi.  I.Sikorskaýanyň Aşgabatdaky ÝHHG merkezinden... Читать дальше...