ru24.pro
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 14.04.2018

Meşhur çeh režisýory Forman ýogaldy

Azathabar.com 

Meşhur çeh režisýory, Oskar baýragynyň eýesi Milos Forman 86 ýaşynda aradan çykdy. Formanyň aýalynyň aýtmagyna görä, ol 13-nji aprelde ABŞ-da ýogalypdyr. Format 1932-nji ýylyň 18-nji fewralynda Çehiýanyň Kaslaw şäherinde doglupdy. Emma, ol 1968-nji ýylda kommunistleriň Praga Bahary protestlerini basyp ýatyrmagyndan soň, ABŞ göçüpdi. Ol 1970-nji ýylda ABŞ-nyň raýaty boldy. Onuň režisýorlyk eden “Kukuşkanyň höwürtgesiniň üstünden uçup barýarkam” filmi 13 Oskar baýragyna mynasyp boldy.

Ysraýyl Eýranyň partladyjyly pilotsyz uçaryny urandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Ysraýyl harby howa bazasynyň üstünde fewral aýynda eýranyň pilotsyz uçary uruldy, diýip Ysraýylyň harbylary maglumat berýärler. “Eýranyň uçarynda partladyjylar ýerleşdirilendi. Onuň maksady Ysraýylyň territoriýasyna hüjüm etmekdi” diýip, Ysraýyl armiýasy habar berdi. Ysraýyl harbylary 10-njy fewralda Beit Şean şäherinde ýüze çykan bu wakada Eýranyň Liwandaky Hizbulla toparlary ýaly ýaranlarynyň üsti bilen däl-de, özüniň ilkinji sapar gönümel Ysraýyla hüjüm etmekçi bolandygyny öňe sürdüler. Mundan bir gün öň... Читать дальше...

Türkmen türgenlerini 2020-nji ýyldaky Olimpiada taýýarlap başladylar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurduň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak maksady bilen ýörite Karara gol goýdy. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ýokarda agzalan Oýunlara Türkmenistanyň ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu ýygyndy toparlary toplumlaýyn taýýarlamak... Читать дальше...

Ýerewanda müňlerçe ermeni protest geçirýär

Azathabar.com 

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda müňlerçe adam merkezi meýdança ýygnanyp, ozalky prezident Serž Sarkisýana häkimiýetde galmaga mümkinçilik berýän täze hökümet düzedişlerine protest bildirdiler. Mundan birnäçe ýyl ozal kabul edilen kanunçylyk prezidentiň häkimiýetini peseldip, oňa derek premýer-ministriniňkini artdyrýar. 9-njy aprelde Ermenistanyň täze prezidenti hökmünde Armen Sarkisýan saýlanypdy. Emma, Seržiň partiýasy parlamentde köpçülige eýe. Şu dynç günleri bolsa, partiýa Serži ýurduň premýer-ministri wezipesine hödürledi. Читать дальше...

ABŞ we ýaranlary Siriýa howa zarbasyny urdular

Azathabar.com 

ABŞ özüniň ýaranlary Fransiýa we Britaniýa bilen 14-nji aprel güni irden Siriýa garşy howa hüjümini amala aşyrdy. Bu geçen hepde Siriýanyň edendigi çaklanyýlýan himiki hüjümine jogap hökmünde edilen çäre boldy.