ru24.pro
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 09.04.2018

ABŞ sanksiýalaryndan soň Deripaskanyň kompaniýalarynyň paý nyrhlary gaçdy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar Orsýetiň alýuminiý ägirdi Rusalyň we onuň eýeleriniň biri bolan Oleg Deripaskanyň garşysyna sanksiýa girizeninden soň, bu kompaniýanyň paý nyrhlarynyň aşa aşaklamagy netijesinde, öndüriji bergilerini töläp bilmezliginiň mümkindigi hakda duýduryş bermeli boldy.

Işlejek bolsaň, ‘daşary ýurda gitmejegiňe dil haty bermeli’

Azathabar.com 

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli saglyk öýlerinde, şypahanalarda we hassahanalarda işleýän tehniki işgärlerden, olaryň daşary ýurda gitmejekdikleri barada, dil haty alynýandygy aýdylýar.

Wengriýanyň sagçy premýer-ministri öz partiýasynyň ýeňişini yglan etdi

Azathabar.com 

Wengriýanyň migrantlara garşy çykýan sagçy premýer-ministri Wiktor Orban özüniň häkimiýet başyndaky “Fidesz” atly partiýasynyň “taryhy” ýeňişini yglan etdi. 8-nji aprelde geçirlen saýlawlar Orbana hökümet baştutany wezipesiniň üçünji möhletini getirdi. Sesleriň 98.5%-niň sanalmagynda “Fidesz” sesleriň 48.8%-ne eýe boldy. Radikal milletçi “Jobbik” partiýasy 20% ses toplady. Ses berijileriň gatnaşyk derejesi garaşylyşyndan has ýokary bolup 69.3% ýetdi. Orbanyň ençeme tankytçysy munuň oppozision partiýalaryň peýdasyna boljagyna garaşypdy. Читать дальше...

Täjigistan Merkezi Aziýanyň suw resurslary boýunça konferensiýasyna Orsýetiň gatnaşmagyna garaşýar

Azathabar.com 

Täjigistanyň daşary işler ministri Duşenbäniň Merkezi Aziýanyň suw resurslary boýunça iýun aýynda geçiriljek halkara konferensiýasyna orsýet delegasiýasynyň gatnaşmagyna garaşýandygyny aýtdy. Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojidin Aslow bu çykyşyny 9-njy apreldeMoskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Suw resurslarynyň elýeterliligi Merkezi Aziýa regionynyň öňki sowet respublikalarynyň arasynda dartgynlylygyň döremegine sebäp bolupdy. Suw... Читать дальше...

Rohani ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykan ýagdaýynda 'muňa puşman etjekdigini' aýtdy

Azathabar.com 

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani eger ABŞ Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça 2015-nji ýylda baglaşylan halkara ylalaşygyny bozsa “muňa puşman etjekdigini” Waşingtona duýdurdy. “Biz ylalaşygy birinji bolup bozmarys, emma olar muny bozsalar muňa puşman etjekdigini bilmeli” diýip, Rohani 9-njy aprelde Milli ýadro tehnologiýalar boýunça güni Tähranda eden çykyşynda aýtdy. “Biz olaryň çak edişinden has taýýar we olar ylalaşygy bozsalar muny görerler, olar bir hepdäniň içinde, bir hepdeden hem az wagtda netijäni görerler” diýip... Читать дальше...

Siriýa edilen raketaly hüjümde Ysraýyl aýyplanýar

Azathabar.com 

Siriýa we onuň ýarany Orsýet geçen gije Siriýanyň harby bazasyna edilen raketaly hüjümde Ysraýyly aýypladylar. Bu hüjüm gozgalaňçylaryň elindäki Douma şäherinde edilendigi aýdylýan himiki hüjümiň daşyndaky halkara dawalarynyň dowam edýän wagtyna gabat geldi. Mundan ozal Siriýadaky nyşanlara zarba uran Ysraýyl öz adyna edilen aýyplamalary dessine kommentirlemedi. Siriýanyň döwlet media serişdeleri 9-njy aprelde irden Homs şäherinde T4 diýlip atlandyrylýan Tayfur bazasyna edilen hüjümde birnäçe... Читать дальше...

ÝHHG-niň çagyran media tehnologiýalar boýunça bilermeni Türkmenistana goýberilmedi

Azathabar.com 

ÝHHG-niň Türkmenistandaky seminaryna çagyrylan Merkezi Aziýada parahatçylyk döredijiligi we media tehnologiýalar boýunça mekdebiň müdiri Inga Sikorskaýa Türkmenistana goýberilmedi. Sikorskaýa internetiň terrorçylykly maksatlar üçin ulanylmagyna garşy göreş meselesi boýunça milli seminarda ekspert hökmünde gatnaşmak üçin ÝHHG-niň Aşgabatdaky regional merkezi tarapyndan çagyrylypdy diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” neşri habar berdi. Maglumata görä, birnäçe ýyllap Uruş we parahatçylyk maglumatlary... Читать дальше...