ru24.pro
World News in Turkmen
Апрель
2018

Новости за 15.04.2018

Türkmenistanda awtobusyň ýol heläkçiligine uçramagy zerarly azyndan 17 adam wepat boldy

Azathabar.com 

Şenbe güni 14-nji aprelde Türkmenistanda ýol heläkçiligi zerarly azyndan 17 adam wepat boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatyna görä, ýol hadysasy 14-nji aprelde ýerli wagt bilen öýlän sagat bäş töwereginde Çüli jülgesiniň golaýynda bolupdyr.     Bu meşhur dynç alyş zolagy paýtagt Aşgabatdan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär.     Ýerli çeşmeleriň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, bazar güni irden pidalaryň sany 17 adama ýetipdir. Ýaralananlar barada takyk maglumat ýok. Читать дальше...

Wengriýada müňlerçe adam Orbana garşy demonstrasiýa çykdy

Azathabar.com 

14-nji aprelde onlarça müň wengriýaly Budapeştde, guramaçylaryň sözlerine görä, adalatsyz saýlaw ulgamyna garşy protest bildirdi. Olar hut şu adalatsyz saýlaw ulgamy zerarly premýer-ministr Wiktor Orbanyň ses berişlikde saldamly ýeňiş gazanandygyny aýdýarlar. Orban 8-nji aprelde geçirlen saýlawlarda, emigrantlara garşy alyp baran kampaniýasy dolandyryjy Fides partiýasynyň parlament köplügini üpjün edeninden soň, üçünji möhlete premýer-ministrligini gazandy.  Protestçiler “Biz köplük” diýen şygar... Читать дальше...

Türkmenistanda ýene regionlar boýunça jogapkär ýolbaşçylar bellendi

Azathabar.com 

Türkmen döwlet habarlar gullugy prezident Gurbanguly Berdimuhmawedowyň ýene bir gezek regionlar we paýtagt boýunça jogapkär ýolbaşçylary belländigini habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, bu ýolbaşçylar Türkmenistanyň prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek baradaky milli programmasynyň amala aşyrylmagyna gözegçilik etmeli.  Prezidentiň kararyna laýyklykda, wise-premýerler Çary Gylyjow Ahal welaýatyna, Mämmethan Çakyýew Balkan welaýatyna gözegçilik eder. Читать дальше...

Owganystanda parlament we welaýat geňeşleri saýlawlary üçin hasaba alyş başlandy

Azathabar.com 

14-nji aprelde Owganystanda oktýabr aýyna bellenilen parlament we welaýat geňeşleri saýlawlary üçin hasaba alyş işleri başlandy. Häkimiýetler gelýän iki aýyň dowamynda ýurduň çar künjeginde açylan 7300 saýlaw uçastogynda 14 milliona çenli saýlawçyny hasaba almakçy bolýarlar.  Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň başlygy Gulajan Abdul Badi Saýýad 13-nji aprelde hasaba alyşlygyň ilkinji tapgrynyň welaýat merkezlerinde geçiriljekdigini, soňra bu işiň etrap merkezlerinde we şäherçelerinde dowam etdiriljekdigini aýtdy. Читать дальше...

Orsýetliler Moskwa sebitindäki zir-zibil harmanyna garşy protest bildirýär

Azathabar.com 

Orsýetliler Moskwa regionyndaky birnäçe şäherde zir-zibil harmanlary zerarly howanyň hapalanmagyna garşy protest bildirdiler. Iň uly protest üýşmeleňi, 1 müň çemesi adamyň gatnaşmagynda, 14-nji aprelde Wolokolamsk şäherinde boldy. Protestçiler häkimiýetleriň Ýadrowa obasyndaky zir-zibil harmanyny ýapmagyny talap etdiler. Ýaşaýjylar bu ýere zir-zibil dökülmegine garşy ýanwar aýyndan bäri protest bildirýärler, emma olaryň demonstrasiýalary mart aýynyň 21-nde onlarça çaga gaz zäherlenmesi alamaty... Читать дальше...

ABŞ Siriýa garşy täze zarbalary urmaga taýýar durandygyny duýdurýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar Siriýanyň hökümetine, eger Damask himiki hüjümlerini dowam etdirse, özüniň ýene howa zarbalaryny urmak üçin taýýar durandygyny duýdurdy. Bu duýduryş ABŞ öz ýaranlary Fransiýa we Britaniýa bilen 14-nji aprelde, Siriýanyň güman edilýän himiki hüjümine jogap edip, Siriýa garşy howa zarbalaryny uranyndan soň berildi. Geçen hepde Damaskyň golaýyndaky Duma şäherine edilendigi güman edilýän himiki hüjümde onlarça adam heläk boldy.  BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 14-nji aprelde Orsýetiň... Читать дальше...