ru24.pro
World News in Turkmen
Апрель
2018

Türkmenistan ikinji kaliý dökünleri kombinatynyň gurluşygyny öz güýji bilen gurar

0
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy aprelde geçiren hökümet maslahatynda wise-premýer O.Gurbannazarowa kaliý dökünlerini öndürýän kombinatyň hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça degişli dokumentleri taýýarlamagy tabşyrdy. 


TDH-nyň maglumatyna görä, 16-njy martda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ýurduň ikinji  kaliý dökünleri kombinatynyň hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy üçin, ýeňillikli şertlerde, 3 milliard dollar möçberinde  karz  berildi. 


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine mundan öň kaliý dökünlerini öndürýän kombinat, awtomobil ýollaryny gurmak ýaly proýektler ynanylmandy. 


Şeýle-de, geçen ýylyň martynda Garlykda açylan we ulanmaga berlen, belarus hünärmenleri tarapyndan gurlan dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň öz proýekt kuwwatlyklarynda ulanylmaýandygy barada maglumatlar ýaýrady. Ýogsa bu toplumyň öndürýän kaliý dökünleriniň Hytaýa we Hindistana eksport ediljekdigi habar berlipdi.