ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14 15 16
17
18
19 20 21 22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Tramp Ýewropa ýurlaryna girizjek täze paçlaryny soňa goýdy

0

Ozal özüniň Grenlandiýanyň ABŞ-a goşulmagy baradaky tagallasyny goldamaýan Ýewropa ýurtlarynyň ählisinden getirilýän harytlara täze paçlary girizmegi wada beren ABŞ prezidenti Donald Tramp 21-nji ýanwar agşamy, Şweýsariýanyň Dawos şäherinde bu kararyny häzirlikçe soňa goýajakdygyny aýtdy. Tramp bu sözleri NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte bilen duşuşanyndan soň aýtdy.

"NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte bilen örän netijeli duşuşyk esasynda, biz Grenlandiýa we aslynda tutuş Arktika sebiti barada geljekki ylalaşyk üçin esas işläp düzdük. Bu çözgüt, eger durmuşa geçirilse, ABŞ we NATO-nyň ähli ýurtlary üçin uly peýda bolar. Bu düşünişmä esaslanyp, men 1-nji fewralda güýje girmegi meýilleşdirilen paçlary girizmerin. Häzirki wagtda Grenlandiýa babatda ABŞ-nyň "Altyn gümmez" howa goranyş taslamasy barada goşmaça gepleşikler geçirilýär we gepleşikleriň gidişine görä ähli maglumat berler" diýip, ABŞ-nyň prezidenti ýazdy.

Tramp Mark Rutte bilen Grenlandiýa babatynda maslahatlaşylan meýilnama, oňa galtaşýan zatlar barada başga jikme-jiklikleri agzamady. Emma muňa garamazdan, ol žurnalistlere "Bu uzak möhletli ylalaşyk” diýdi.