ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14 15 16
17
18
19 20 21 22 23
24
25
26 27 28 29 30 31

Новости за 08.01.2026

Balkanyň häkimiýetleri ilat bilen ýygnaklary geçirip, arz-şikaýatlary bes etmegi talap edýär

Azathabar.com 

Balkanyň häkimiýetleri şu günler ilat bilen wagyz-nesihat ýygnaklaryny geçirmek işlerini batlandyrdylar. Bu waka, ilat arasynda ýurtda zähmet we pensiýa haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň 10% köpeldilmezligine garşy nägilelikleriň artýan mahalyna gabat geldi. Ýygnaklarda raýatlardan arz-şikaýatlary bes etmek hem talap edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi. “Hepdäniň başyndan bäri welaýat, etrap we oba derejelerinde ýerli häkimlik, kazyýet... Читать дальше...

Türkmenabat–Aşgabat otlusynda ýolagçylar polisiýa tarapyndan 'talanýandygyny' aýdýarlar

Azathabar.com 

Paýtagtdan Türkmenabat şäherine gatnaýan otlularda polisiýa işgärleriniň ýolagçylary gorkuzmagy we para talap etmegi bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykýar. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bu ýagdaý barada gürrüň beren birnäçe paýtagtly we lebaply ýaşaýjy bilen gürrüňdeş boldy. Türkmenabat–Aşgabat ugry boýunça gatnaýan ýolagçy otlularda soňky aýyň dowamynda syýahat eden ýolagçylaryň birnäçesiniň sözlerine görä, polisiýa işgärleri ýolagçylary dürli bahanalar bilen gorkuzmaga çalyşýar we şeýdip, pul talap edýär. Читать дальше...

Eýranda protestler dowam edýän mahaly Internet üpjünçiligi bökdeýär

Azathabar.com 

Eýrandaky protestler 7-nji ýanwarda tapgyr 11-nji gije dowam eden mahaly, ýurduň dürli şäherlerindäki internet ulanyjylary Internet üpjünçiliginiň haýal we durnuksyzdygyny habar berdiler. Tähranda, Karajda, Isfahanda, Şirazda, Maşatda we Tabrizde öý we mobil internet ulgamlarynda uly bökdençlikleriň ýa-da gysga wagtlyk kesilmeleriň bolýandygy habar berildi. Tehnologiýa habarlaryny çap edýän CITNA web sahypasy Eýranyň dürli şäherlerinde internete elýeterliligiň hiliniň ep-esli pese gaçandygyny, şeýle-de... Читать дальше...

ABŞ Atlantik okeanynda rus baýdakly tankeri ele saldy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleri Russiýanyň kölege flotunyň nebit tankerini Atlantik okeanynyň demirgazygynda saklap, ele saldy. Bu, Waşingtonyň Wenesuela nebitiniň bikanun söwdasy bilen baglanyşykly gämilere garşy alyp barýan birnäçe çäresiniň soňkusydyr. ABŞ-nyň Ýewropa serkerdeligi 7-nji ýanwarda sosial mediada ýaýradan beýanatynda ýakynda Russiýada “Marinera” hökmünde täzeden bellige alnan “Bella 1” nebit tankeriniň Wenesuelanyň garşysyna girizilen sanksiýalary bozmaga synanyşandygyny belläp, onuň... Читать дальше...

Özbegistan metan ýangyç beketleriniň iş tertibine ýene çäklendirmeleri girizýär

Azathabar.com 

8-nji ýanwardan başlap, Özbegistandaky awtoulag ýangyç guýujy stansiýalary (AGNKS) irden sagat 10:00-dan öýlän sagat 16:00-a çenli aralykda işlär. Bu barada Özbegistanyň Energetika ministrligi habar berdi. Ministrlik bu çäreleriň özüniň esasy gaz geçirijilerinde basyşyň peselmegi bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Ministrligiň beýanatynda aýdylmagyna görä, basyş peselen mahaly, ýaşaýyş jaýlaryny, jemgyýetçilik ulaglaryny we sosial desgalary tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek ileri tutulýan mesele bolup galýar. Читать дальше...