ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14 15 16
17
18
19 20 21 22 23
24
25
26 27 28 29 30 31

Новости за 07.01.2026

Diňle: Türkmenistanda ‘köpelýän’ öýsüz adamlar sowukdan goranmak üçin metjitlere, gonamçylyklara, wokzallara barýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurduň gündogar-günorta sebitlerinde öýsüz adamlar göz-görtele köpelýär. Olaryň ençemesi, howanyň temperaturasy gijelerine –1 gradusa çenli sowaýan şu günlerde, özleriniň sowukdan goranmak mümkinçilikleriniň has-da agyrlaşýandygyny aýdýar.

Balkanabatda 'zagran pasport bermek' wagtlaýyn togtadyldy - Çeşmeler

Azathabar.com 

Azatlygyň habarçysy Balkan welaýatyndaky migrasiýa edarasynyň raýatlardan daşary ýurt pasportlary üçin resminamalary kabul etmegini 2-nji ýanwardan başlap, wagtlaýyn bes edendigini, ozal resminama tabşyrmak üçin nobata ýazylanlara hem pasport bermek meselesiniň näbelli bir möhlete soňa goýlandygyny habar berýär. Migrasiýa gullugynyň welaýat bölüminiň binasynyň agzynda oturan ofiserler adamlary içerik goýbermän, şol ýerden yzyna gaýtarýar diýip, bu habary birnäçe çeşme tassyk etdi. Il içinde ‘zagran... Читать дальше...

Türkmenistanda ‘köpelýän’ öýsüz adamlar sowukdan goranmak üçin metjitlere, gonamçylyklara, wokzallara barýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edip gelýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ýurduň gündogar-günorta sebitlerinde öýsüz adamlar göz-görtele köpelýär. Olaryň ençemesi, howanyň temperaturasy gijelerine –1 gradusa çenli sowaýan şu günlerde, özleriniň sowukdan goranmak we aman galmak mümkinçilikleriniň has-da agyrlaşýandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji ýanwarda maglumat berdi. “Sowuk howada öýsüz galan adamlaryň, şol sanda çagaly eneleriň köpüsi köçelerdäki sowukdan goranmak üçin metjitleriň... Читать дальше...

ABŞ wiza üçin girew tölemeli ýurtlaryň sanawyny giňeltdi, Türkmenistan olaryň arasyna goşuldy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň administrasiýasy ýurda girmek üçin arza tabşyrýan daşary ýurt raýatlarynyň 15000 amerikan dollaryna çenli wiza girewini tölemeli ýurtlaryň sanawyny giňeltdi. Täzelenen sanawa esasan Afrika ýurtlarynyň birnäçesi, şeýle-de Türkmenistan girýär. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň travel.state.gov web sahypasynda çap edilen maglumata görä, Butany, Botswanany, Merkezi Afrika Respublikasyny, Gwineýany, Gwineýa-Bisauny, Namibiýany we Türkmenistany öz içine alýan jemi ýedi ýurda degişli üýtgetmeler 1-nji ýanwardan güýje giripdir. Читать дальше...

Bişkekdäki gartaşanlar öýünde bolan ýangynda iki adam öldi, 14 adam hassahana ýerleşdirildi

Azathabar.com 

6-njy ýanwar agşamy Bişkekdäki gartaşanlar öýünde ýangyn bolup, iki adam öldi, 14 adam hassahana ýerleşdirildi. Şäher häkimliginiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, ölenler ýagdaýy agyr we palliatiw bejeriş bölüminde ýatan adamlardy. Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, wakanyň bolan ýerine derhal dört ýangyn söndüriji topary geldi. Ýangyn söndürijiler ýangyny çalt söndürdiler, garrylary ewakuasiýa edip, howpsuz ýere getirdiler. Saglygy goraýyş ministrligi Bişkekdäki gyssagly... Читать дальше...

Eýranda öldürilen aktiwistler barada täze sanlar çap edildi

Azathabar.com 

Eýranda dekabryň aýagynda başlanan protest çykyşlarynyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan basylyp ýatyrylmagy netijesinde azyndan 27 demonstrasiýaçy, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik bäş çaga öldürildi. Bu habary 6-njy ýanwarda düýbi Norwegiýada ýerleşýän jemgyýetçilik guramasy, "Iran Human Rights" çap etdi. Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatlaryna görä, ýarag ulanylmagy we beýleki zorlukly usullar netijesinde, ýurduň sekiz sebitinde adamlar wepat boldy. Şeýle-de, gurama 10 günüň dowamynda 100-den gowrak adamyň tussag edilendigini aýtdy. Читать дальше...