ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14 15 16
17
18
19 20 21 22 23
24
25
26 27 28 29 30 31

Новости за 19.01.2026

“Arkadag” - “Al-Nassr” oýnuna bilet satylyp başlandy

Azathabar.com 

Türkmen metbugaty Aşgabat şäher häkimliginiň AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygynyň — türkmen futbol topary “Arkadag” bilen Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” toparynyň arasyndaky oýnuň petekleriniň onlaýn arkaly satylyp başlanandygyny habar berýär. Petekleri şäher häkimliginiň resmi internet sahypasyndan, şeýle-de “Sanly şäher” mobil goşundysy arkaly satyn almak mümkin. Petekleriň bahasy oýun meýdançasyndaky orunlaryň ýerleşişine we sektorlaryna görä kesgitlenýär. Her bir petek aýratyn QR-kod bilen üpjün edilip... Читать дальше...

Diňle: Eýrandaky protestleriň fonunda Lebapda Internetiň hili ep-esli peseldi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda, aýratyn-da, Türkmenabat şäherinde ilatyň Internet üpjünçiligi ýaramazlaşyp, onuň tizligi ep-esli peseldi. Häkimiýetler bu barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy ýanwarda sebitden maglumat berdi.

Arzan eti 'gögerdip satmak' usuly emeli bolçulygy uzak saklaýar - Çeşmeler

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işgärleri ilata subsidirlenen mal we guş etiniň goşa dyrnak içindäki bolçulygyny döretdiler diýip, Azatlygyň Ahaldaky habarçysy türkmen reallyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen azyk meseleleriniň saklanyp galýandygyny habar berýär. Çeşmeler adamlaryň oturan-turan ýerlerinde gytçylykdan, azyklaryň hilinden, nyrhlardan we saglyk ýagdaýlaryndan söz açýandygyny, emma bu ýagdaýlar barada bileleşip, talap bilen çykmaga çekinýändiklerini aýdýarlar. Читать дальше...

Eýrandaky protestleriň fonunda Lebapda Internetiň hili ep-esli peseldi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda ilatyň Internet üpjünçiligi ýaramazlaşyp, onuň tizligi ep-esli peseldi. Ozal elýeterli bolan VPN serwerleri hem işlemegini bes etdi. Döwlet edaralaryndaky çeşmelerimiz Eýrandaky köpçülikleýin protestleriň fonunda, häzirki çäklendirmeleriň ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) görkezmesi bilen amal edilýändigini aýdýarlar. Häkimiýetler bu barada aç-açan resmi düşündiriş bermeýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy ýanwarda sebitden maglumat berdi. “Programmalar öň hem kyn açylýardy... Читать дальше...

Mary: ilatly ýerlerde sowukda tok kesilýär, ýaşaýjylar üşeýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynda soňky on gün bäri elektrik energiýasynyň ýaşaýyş jaýlaryndaky üpjünçiligi yzly-yzyna kesilýär. Bu bolsa öýleriň sowamagyna, adamlaryň üşemegine we elektrik enjamlarynyň sandan çykmagyna getirýär. Sowukda toksuz galýan hojalyklar Mary welaýatynyň ençeme ilatly ýeriniň ýaşaýjylary. Olar 9-njy ýanwardan bäri şeýle ýagdaýda galýar. "Elektrik togy oňaýly işlemeýär. Günüň dowamynda birnäçe sapar elektrik toguny öçürip ýakýarlar. Bu bolsa tokly tehniki enjamlaryň bozulmagyna eltýär" diýip, maryly ýaşaýjy 19-njy ýanwarda gürrüň berdi. Читать дальше...

Türkmenistan türk, şweýsar kompaniýalary bilen ýüplük maslahatyny etdi

Azathabar.com 

Türkmen metbugaty ýurduň Dokma senagaty ministrliginiň Türkiýäniň “Burteks Tekstil” we Şweýsariýanyň “Rieter” kompaniýalarynyň wekilleri bilen ýüplük bazarynyň häzirki ýagdaýy barada maslahat edendigini habar berýär. “Rieter” kompaniýasyna salgylanyp berlen habara görä, bu duşuşyk 13–16-njy ýanwar aralygynda, Germaniýanyň Frankfurt şäherinde, “Heimtextil 2026” halkara sergisiniň çäginde guralypdyr. “Rieter” — ýüplük öndürmek üçin enjamlar bilen üpjün edýän halkara şweýsar kompaniýasy bolsa, “Burteks... Читать дальше...

Ispaniýanyň günortasyndaky otly häläkçiliginde azyndan 39 adam öldi

Azathabar.com 

Ispaniýanyň günortasynda, Andalusiýadaky Adamuz şäheriniň golaýynda iki sany ýokary tizlikli otlynyň çakyşmagy netijesinde 39 adam öldi diýip, “El País” gazeti habar berdi. Neşiriň maglumatyna görä, bu hadysa netijesinde 73 adam ýaralandy, olaryň 24-si agyr ýagdaýda. Bu waka 18-nji ýanwar agşamynda boldy. Ispan metbugatynyň habaryna görä, Malagadan Madride barýan Iryo otlusy relsden çykyp, soňky wagonlaryň (altynjydan sekizinji wagonlara çenli) gapdaldaky ýola, ikinji liniýa agdarylmagyna sebäp bolupdyr. Читать дальше...

Eýrandaky protestlerde 3 müňden 5 müňe çenli adam öldi

Azathabar.com 

HRANA-nyň, düýbi ABŞ-da ýerleşýän garaşsyz adam hukuklary guramasynyň maglumatlaryna görä, Eýrandaky protestlerde ölenleriň sany 3308-e ýetdi. Ölenleriň 3097-si protestçi, 166-sy harby gullukçy we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri. Şeýle-de, gurama protestçi bolmadyk 23 adamyň we 18 ýaşdan kiçi 22 adamyň ölendigini tassyklady. 2100-den gowrak adam agyr ýaralandy. Bulardan başga, HRANA protestlerde 24 müňden gowrak adamyň tussag edilendigini habar berýär. "Iran Human Rights", düýbi Norwegiýada ýerleşýän... Читать дальше...