ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14 15 16
17
18
19 20 21 22 23
24
25
26 27 28 29 30 31

Новости за 16.01.2026

Aşgabadyň aeroportunda daşary ýurda barýan türkmenistanlylaryň 20-ä golaýy uçara goýberilmedi

Azathabar.com 

Aşgabadyň halkara aeroportunda harby gullugyny ýakynda tamamlan ýaşlaryň daşary ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen bagly wakalaryň birnäçesi boldy. Uçara goýberilmedik ýaşlaryň we ýagdaýlardan habarly çeşmelerimiziň ençemesi özlerine mälim bolan wakalarda 20-ä golaý raýatyň ýurtdan çykarylmandygyny aýtdy. Bu aralykda, migrasiýa edaralarynda ýaşlaryň onlarçasyna “wagtlaýyn gadaganlyk hatlary” gowşurylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy ýanwarda maglumat berdi. “6-njy... Читать дальше...

Eýran bilen serhediň golaýyndaky türkmen obalarynda 'Starlink' ulanyjylar gözlenýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Eýran bilen serhedine golaý ilatly nokatlarda ilatdan 'Starlink' aragatnaşyk ulagymy ulanmazlyk talap edilýär. Howpsuzlyk güýçleri muňa gözegçilik edýär. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçylary 16-njy ýanwarda günbatar sebitdäki ýagdaý barada habar berdiler. Eýran bilen serhetleşýän Balkanyň etrap obalarynda şu günler güýç edaralary barlag işlerini alyp barýarlar. "Garrygaladan Hazar şäherçesine çenli aragatnaşyk hünärmenleri polisiýanyň we MHM-niň işgärleri bilen bilelikde... Читать дальше...

Gyrgyz DIM-i Orsýetden 35 müňe golaý raýatyň deportasiýa edilmek ähtimallygyny duýdurdy

Azathabar.com 

Orsýetiň migrasiýa gözegçiligi sanawynda Gyrgyzystanyň 34 müň 786 raýaty bar diýip, daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew habar berdi. Onuň sözlerine görä, geçen noýabr aýynda bu sanawda takmynan 128 müň gyrgyz raýaty bardy. Şondan bäri olaryň köpüsi sanawdaky atlaryny barlap, durumlaryny kanunylaşdyrmagy başardy. Ýöne, hökümet we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan görlen çärelere garamazdan, käbir raýatlaryň atlary bu sanawda saklanyp galýar we deportasiýa edilmäge degişli diýip, Kulubaýew aýtdy. Читать дальше...

Türkmenistanda saýlaw möwsümi başlanýar

Azathabar.com 

Saýlawlary we sala salmalary geçirmek baradaky merkezi topar 15-nji ýanwarda saýlaw möwsüminiň başlanandygy yglan etdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 29-njy martynda Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etrabynda halk maslahatlarynyň agzalaryna saýlawlar geçiriler. Şeýle-de, ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň bes edilmegi bilen baglylykda, Mejlis deputatlarynyň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça, welaýat, etrap we... Читать дальше...

Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Ýun Sok-ýol bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Azathabar.com 

Seulyň merkezi etrap kazyýeti öňki prezident Ýun Sok-ýoly adalatyň öňüni almak synanyşygynda günäkärläp, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. B habary Günorta Koreýanyň "Yonhap" habar agentligi çap etdi. Prokuror oňa 10 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorady. Ol 2025-nji ýylyň ýanwarynda özüniň tussag edilmegine ýol bermezlikde, harby ýagdaýy yglan etmek baradaky karary işläp düzmekde we parlamentiň kararyndan soň täzeden seredilen permany ýok etmekde, şeýle-de, harbylaryň ulanan telefonlaryndaky... Читать дальше...

Wenesuelanyň oppozisiýa lideri Mariýa Korina Maçado Trampa Nobel parahatçylyk baýragynyň medalyny berdi

Azathabar.com 

Wenesuelanyň oppozisiýa lideri Mariýa Korina Maçado ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa Nobel parahatçylyk baýragynyň özüne berlen medalyny gowşurandygyny yglan etdi diýip, “Associated Press” habar berdi. Maçado amerikan prezidenti bilen duşuşanyndan soň žurnalistlere ýüzlenip, bu işi "onuň biziň azatlygymyza bolan özboluşly ygrarlylygyny ykrar etmek üçin" edendigini aýtdy. Tramp biraz soň “TruthSocial” sosial media platformasynda Maçado bilen duşuşmagyň özi üçin "uly hormat" bolandygyny ýazdy. "Ol köp zady başdan geçiren ajaýyp aýal. Читать дальше...

Özbegistan garaşsyz bolaly bäri ilkinji ilat ýazuwyny geçirýär

Azathabar.com 

Özbegistanda 15-nji ýanwarda umumy ilat we oba hojalyk ýazuwy başlandy - bu ýurtda garaşsyzlygyny alaly bäri geçirilýän ilkinji ilat ýazuwy bolup durýar. Bu çäre ilatyň sany we düzümi, migrasiýa, nika ýagdaýy, iş bilen üpjünçiligi we girdeji çeşmeleri, şeýle-de oba hojalygynyň ýagdaýy barada jikme-jik maglumatlary ýygnamagy maksat edinýär. Ilat ýazuwy 26-njy fewrala çenli dowam eder we bir ýyldan gowrak wagt bäri daşary ýurtlarda bolan raýatlary hasaba almanyňda, takmynan 38 million adamy öz içine alar. Читать дальше...