ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14 15 16
17
18
19 20 21 22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygy $10,4 milliarddan geçdi

0

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 10 milliard 46 million 52 müň ABŞ dollaryndan geçdi diýip, “Biznes Türkmenistan” Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.

2025-nji ýylyň dekabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 879 million 911 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Haryt dolanyşygynyň köp bölegi türkmen eksportynyň paýyna düşýär. Ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmenistan Hytaýa jemi 8 milliard 446 million 482 müň dollarlyk önüm iberdi. Bu döwürde Hytaýdan import edilen harytlaryň möçberi takmynan 1 milliard 599 million 570 müň ABŞ dollaryna deň boldy diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistanyň Hytaýa edýän eksportynyň esasy bölegi tebigy gaz bolup, 2025-nji ýylda Hytaý Türkmenistandan umumy bahasy 8,41 milliard ABŞ dollaryna barabar tebigy gazy import etdi.