ru24.pro
World News in Turkmen
Апрель
2018

Özbek kinosyny esaslandyryjylaryň biri Abbosow 87 ýaşynda aradan çykdy

0
Özbek kinosyny esaslandyryjylaryň biri diýip tanalýan tanymal teatr we kino režissýory Şöhrat Abbosow 25-nji aprelde 87 ýaşynda aradan çykdy.


Abbosowyň garyndaşlary Azatlyk radiosyna ozalky Sowet Soýuzynda filmleri arkaly gowy tanalan kinorežissýoryň Daşkentde aradan çykandygyny aýtdylar.




Abbosow “Özbekfilm” studisýasynda kino düşürmek işine 1959-njy ýylda başlady.


Onuň “Mähelle gybatlary”, “Sen ýetim däl”, “Daşkent – çörekli şäher”, “Oduň ýollary”, “Uly uruşdaky kiçijik adam” filmleri has meşhur boldy.