ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12 13 14 15 16 17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmenistanda saýlaw möwsümi başlanýar

0

Saýlawlary we sala salmalary geçirmek baradaky merkezi topar 15-nji ýanwarda saýlaw möwsüminiň başlanandygy yglan etdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 29-njy martynda Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etrabynda halk maslahatlarynyň agzalaryna saýlawlar geçiriler.

Şeýle-de, ygtyýarlyklarynyň möhletinden öň bes edilmegi bilen baglylykda, Mejlis deputatlarynyň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de geňeşleriniň agzalaryna saýlawlar geçiriler.

Habarda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň 1992-nji ýylda döredilendigi bellenýär.

Synçylar Türkmenistanda şu wagta çenli halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly diýlip ykrar edilen ýeke saýlawyň hem geçirilmändigini aýdýarlar.