ru24.pro
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 25.07.2018

Pakistanda geçýän dartgynly saýlawlarda onlarça adam öldürildi

Azathabar.com 

Pakistanyň Kwetta şäherindäki saýlaw uçastoklarynyň açylmagynyň yzýany amala aşyrylan janyndan geçeniň hüjüminde onlarça adam öldürildi. Pakistanda geçirilýän saýlawlarda galplyga ýol berilýändigi barada öňe sürülýän çaklamalar oňa kölege salýar.

Türkmen delegasiýasy Demirgazyk Koreýa bardy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşary işleri ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Demirgazyk Koreýa bardy. Türkmen toparyny Phenýanyň aeroportynda ýerli resmiler garşy aldylar. Türkmenistan bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylda ornaşdyrylypdy. Türkmen delegasiýasynyň saparyny maksatlary barada hiç hili maglumat berilmedi.

Rohani: ABŞ-nyň ‘boş haýbatlaryna’ jogap bermäge zerurulyk ýok

Azathabar.com 

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp tarapyndan edilen, onuň sözlerine görä, “boş haýbatlara” jogap bermäge zerurlyk duýmaýandygyny aýtdy. Eýranyň resmi “IRNA” habar gullugynyň 25-nji iýulda beren maglumatyna görä, Rohani “ABŞ-nyň käbir liderleri” tarapyndan “esassyz kommentariýleri” ýatladyp, kabinet ýygnagynda “islendik bolgusyz kommentariýlere reaksiýa bildirmäge we jogap bermäge zerurlyk ýok” diýdi. “Biz hereket bilen jogap bermeli” diýip, Rohani aýtdy. Читать дальше...

Bişkek sudunyň karary ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasyndaky duşmançylygy güýçlendirýär

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň sudy öňki prezident Almazbek Atambaýewiň iň soňky doly iş gününde işinden çetleşdirilen ýokary derejeli gümrük resmisiniň wezipesini gaýtadan dikeltdi. Bu waka öňki prezident Atambaýewiň gaharly reaksiýa bildirmegine sebäp boldy. 25-nji iýulda gyrgyz gümrük gullugynyň orunbasary Raiýmbek Matraimowyň wezipesini gaýtadan dikeldýän karar, Atambaýew bilen prezident Sooronbaý Jeenbekowyň arasyndaky duşmançylygy güýçlendirýär. Atambaýewiň öňki ýarany we öňki premýer-ministr Jeenbekow 2017-nji ýylyň noýabr aýynda prezident saýlandy. Читать дальше...

Çelekende bäş daşoguzly işçi bir öýüň maşgalabaşysy ‘araga’ gidende öý bikesini pyçaklap, gyzyny zorlapdyr

Azathabar.com 

Mundan bir hepde ozal, Balkan welaýatynyň Hazar (öňki Çeleken – red.) şäherinde bäş sany gurluşykçy kämillik ýaşyna ýetmedik 17 ýaşly bir gyzy zorlap, onuň ejesini pyçaklap öldüripdir. Häzirki wagtda polisiýa gulluklary jenaýata baş goşandygy aýdylýanlaryň ikisini tapyp, güman edilýänleriň beýleki üçüsini gözleýär.

Täjigistan bäş ýaşly täjik gyzy öldüren adamyň ‘agyr jezalandyrylmagyny’ talap edýär

Azathabar.com 

Täjigistan Russiýadan şu hepde Moskwanyň golaýynda bäş ýaşyndaky täjik gyzyny, häkimiýetleriň aýtmagyna görä, zorlan we soňra-da pyçaklap öldüren adama garşy yhlasly derňew işini amala aşyrmagy we onuň “agyr jezalandyrylmagyny” talap edýär. 25-nji iýulda Täjigistanyň Daşary işler ministrligi özüniň rus Daşary işler ministrligine resmi hat iberendigini we onda “22-nji iýulda Serpuhowda bäş ýaşyndaky täjik raýaty Huwaido Tillozodanyň öldürilmeginiň erbet geň galdyrandygynyň we munuň Täjigistanyň... Читать дальше...

Aşgabadyň 'arassalanmaýan' zir-zibil gutulary

Azathabar.com 

Tomus aýlary Aşgabatda gawun-garpyz paçaklarynyň, öý bikeleriniň gyş üçin konserwirleýän önümleriniň atylyp bolýan zaýaçylygynyň zir-zibil gutularyna oklanmagy bilen, onuň töwereginde şireli, porsy-hapa suwlaryň akyp ýatandygyny görmek bolýar. Aşgabat şäherindäki ýaşaýyş jaý müdirlikleriniň we ýaşaýyş jaý ulanyş trestleriniň ýerine ýetirmeli kommunal hyzmatlaryň göwnejaý ýerine ýetirilmeýändiginden, zir-zibil gutularynyň öz wagtynda arassalanmaýandygyndan ýaşaýjylar juda närazy bolýandyklaryny aýdýarlar.

Pakistanlylar dartgynly milli saýlawlarda ses berýän mahaly, onlarça adam öldi

Azathabar.com 

Pakistanda geçirilýän milli saýlawlarda saýlawçylar ses berip başlanyndan gysga wagt soň, ýurduň Kwetta şäherinde amala aşyrylan partlamada onlarça adam öldi. 25-nji iýulda geçirilýän saýlawlarda oppozision lider Imran Hanyň “Tehrek-e-Insaf” (PTI) partiýasy bilen tussaglykdaky öňki premýer-ministr Nawaz Şarifiň “Pakistan musulman ligasy-Nawaz” partiýasy bäsleşýär. Pakistanyň howpsuzlyk we saglyk resmileri ýurduň Balojistan welaýatynyň paýtagty Kwettedäki polisiýa kerwenine amala aşyrylan hüjümde... Читать дальше...

Siriýanyň günortasyndaky hüjümlerde onlarça adam öldi

Azathabar.com 

Siriýanyň günortasyndaky Sweida şäherinde we onuň töwereginde yzly-yzyna bolan hüjümlerde onlarça adam öldi we ýaralandy diýip, synçy topar habar berýär. Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, hüjümlerde azyndan 32 adam, şol sanda Siriýanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary öldi we başga-da 30 çemesi adam ýaralandy. Döwlet eýeçiligindäki “SANA” habar agentligi hüjümleriň birinde janyndan geçen bombaçynyň gyzgalaňly bazarda özüni partladandygyny habar berdi. Başga-da iki bombaçy janyndan geçip... Читать дальше...

Daşoguzda bankomatlaryň öňünde uly nobatlar, uruş-dawa döreýär

Azathabar.com 

Daşoguzyň ýaşaýjylary pensiýalaryny, çagalar üçin we maýyplyk sebäpli kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary şu günler regionda bankomatlaryň öňünde uly nobatlaryň dörändigini, uruş-dawalaryň ýüze çykýandygyny habar berdiler.  "Bankomatlaryň öňi uly nobatlaryň, uly uruşlaryň bolýan ýerlerine öwrüldi. Häzir ol adamlary görseňiz täze bazar açylana meňzeýär. Etrapda bir adam gerek bolsa şol ýere baraýmaly. Häzir bankomatlardan bir gije-gündizde... Читать дальше...