ru24.pro
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 17.07.2018

Owganystan: Janyndan geçeniň bombaly hüjüminde 20 adam öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazygynda janyndan geçen bombaçynyň amala aşyran hüjüminde 20 adam, şol sanda “Talybanyň” komandiri öldi diýip, 17-nji iýulda owgan resmileri aýtdylar. Sar-i-Pul welaýat polisiýasynyň başlygy Abdul Kaýum Bakizoýyň aýtmagyna görä, bu hüjüm oba ýaşululary bilen “Talyban” resmileriniň duşuşan mahaly amala aşyryldy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady, emma Bakizoý munuň arkasynda “Yslam döwleti” toparynyň bardygyny aýdýar. Soňky günlerde demirgazyk... Читать дальше...

Türkmenistan ikinji gezek pudagara topar döredip, “azyk bolçulygyny” üpjün etmäge synanyşýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady gowuşgynsyzlygyň hem-de azyk ýetmezçiliginiň fonunda, türkmen hökümeti ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýene-de bir pudagara topar döretmek barada karar kabul etdi. Bu barada “Trend” täzelikler gullugy Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” telekanalyna salgylanyp habar berýär.

Ýewropa sudy Moskwany Politkowskaýa we ‘Pussy Riot’ işleri boýunça ýazgardy

Azathabar.com 

Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy aýry-aýrylykda geçiren iki sud diňlenişiginde, Moskwanyň derňew žurnalisti Anna Politkowskaýanyň öldürilmegi bilen baglanyşykly derňewlerini we onuň “Pussy Riot” pank toparyna çemeleşişini ýazgardy. Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy 2006-njy ýylda Moskwada atylyp öldürilen Politkowskaýanyň işi bilen baglanyşykly Orsýetiň “öldürmäni buýuran adamy ýa-da adamlary tapmak üçin zerur bolan derňew çärelerini görmekde şowsuz bolandygy” barada karar çykardy. Şeýle-de... Читать дальше...

Ukrainanyň Goranmak ministrligi ýurduň gündogarynda bir esgeriň ölendigini aýdýar

Azathabar.com 

Ukraina ýurduň gündogarynda bir esgeriň öldürilendigini aýdýar. Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň maglumatynda 17-nji iýulda amala aşyrylan iki hüjümde Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň granatomýotlary we hüjüm edýän tüpeňleri ulanyp, bir ukrain esgerini öldürendigi aýdylýar. Mundan öň, has takygy 17-nji iýulda irden ýaýradylan beýanatda ministrlik soňky 24 sagadyň dowamynda separatistleriň ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy 19 gezek bozandygyny we bir ukrain esgeriniň ýaralanandygyny mälim edipdi. Читать дальше...

Ýaponiýa, Ýewropa Bileleşigi erkin söwda ylalaşygyna gol goýdy

Azathabar.com 

Ýaponiýa we Ýewropa Bileleşigi erkin söwda baradaky giň gerimli ylalaşyga gol goýdular. Olar bu çäräniň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan kabul edilen proteksionistik söwda çärelerine garşy deňagramlylyk görkezmegini umyt edýärler. 17-nji iýulda Tokýoda gol goýlan şertnama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan häzire çenli baglaşylan iň uly ylalaşyk bolup, ol dünýäniň iň uly açyk ykdysady zonasyny emele getirýär. Bu ylalaşyk ýapon ulaglaryndan tä fransuz syrlaryna çenli ähli zatlar üçin söwda tariflerini ýatyrýar. Читать дальше...

Türkmenistanyň resmi mediasy ýurduň ilkinji gezek kompýuter öndürip başlandygyny habar berýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilkinji gezek kompýuterleriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada türkmen hökümetiniň 2018-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijelerine bagyşlanyp, 5-nji iýulda geçirilen giňeldilen maslahatynda aýdyldy. Читайте также на русском Resmi medianyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ilkinji gezek kompýuterleriň önümçiliginiň özleşdirilmeginiň "ykdysadyýetiň infrastrukturasyny sifirleşdirmek programmasynyň" mundan beýläk ösüşi üçin gowy esas döredendigini belledi. Читать дальше...

Aşgabatlylar yssy howadan ‘kösenýärler’

Azathabar.com 

Türkmenistanda şu günler aşa yssy howa dowam edýär. Howanyň derejesiniň kölegede 45 gradusdan ýokarydygyny, günüň aşagynda bu gyzgynlygyň 50 gradusdan hem geçýändigini görse bolýar.