ru24.pro
World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 19.07.2018

Orsýetiň Döwlet dumasy pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak baradaky kanun taslamasyny tassyk etdi

Azathabar.com 

Rus parlamentiniň aşaky palatasy, Döwlet dumasy dowam edýän protestleriň arasynda pensiýa çykmak ýaşyny ýokarlandyrmak baradaky gapma-garşylykly kanun taslamasyny ilkinji okaýyşda tassyk etdi. Kanun çykaryjylar kanun proýektini 19-njy iýulda 327-102 hasabynda, bir adamyň saklanmagynda, dumanyň daş işiginde 200 çemesi adamyň protest bildirmeginde tassyk etdiler. Rus hökümetiniň 16-njy iýunda tabşyran teklibi esasynda, pensiýa çykmak ýaşyny kem-kemden ýokarlandyrmak 2019-njy ýylda başlanar. Taslama görä... Читать дальше...

HORMATLY ARKADAG: Bizde hukuk bar bolsa, onda ýöne düşündiräýseňiz

Azathabar.com 

Salam! Türkmenistanda aýallaryň hukuklary boýunça nobatdaky tema barada ýazýaryn. Ine size birnäçe hakyky durmuş wakasy. Meniň öz şahsy tejribämden we bu problema bilen ýüzbe-ýüz bolup, henizem ejir çekýän zenanlaryň tejribesinden. Men hut özümiň Türkmenistanyň territoriýasynda durmuş gurmandygym hakynda resminamany almakçy bolup, ýurduň daşyna çykyp bilmeýän adama öwrülmegimden başlamakçy. Bu resminama diňe Zags üçin däl, eýsem dürli guramalar we edaralar üçin gerek bolup bilýär. Migrasion gullugyndan jogap almak kyn... Читать дальше...

Berdimuhamedowyň garyndaşy biletli ýolagçylary uçarlaryndan düşürdip, diňe özi uçdy

Azathabar.com 

Takmynan 1 aý mundan ozal, Berdimuhamedowyň ýakyn garyndaşy we onuň maşgala agzalary Türkmenabat-Aşgabat arasynda gatnaýan bir uçary tutuşlygyna ýapdyryp, onda diňe özleri uçýar. Häkimiýetler bu reýsde uçmaly 160-dan gowrak ýolagçynyň ählisini uçardan düşürýär. Berdimuhamedowyň uçar ýapdyran garyndaşlary Köýtendaga syýahata baryp, şondan yzyna, Aşgabada dolanýan ekeni. Bu barada Azatlygyň biri-birinden garaşsyz çeşmeleri habar berdi.

Lebapda we Maryda migrantlaryň dolanmagy üçin indi ýaşululardan töwellaçy bolmak talap edilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, daşary ýurtlara eklenç gözlegine gidýän raýatlaryň aşa köpelmegi sebäpli Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynda ýerli häkimiýetleriň indi ýaşululardan kömek soramaga başlandygy, hatda migrantlara töwellaçy bolmakdan ýüz öwürýän il ýaşulularyna hem çäre görülýändigi habar berilýär.

Tramp 'örän agressiw' montenegrolylaryň III Jahan urşuny başlap biljegini ýaňzydýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp montenegrolylaryň, ýagny garadaglylaryň güýçli, “örän agressiw” adamlardygyny aýtdy we NATO-nyň iň täze agzasynyň ýaranlygy uly bir urşa çekip biljegini ýaňzytdy.  “Fox News” telewideniýesi bilen Helsinkide ýazgy edilen we 17-nji iýulda ABŞ-da efire berlen söhbetdeşlikde Trampdan NATO-nyň düzgünnamasynyň 5-nji maddasy hakynda soraldy. Ol maddada ýaranlygyň bir agzasyna edilen hüjümiň hemmesine edilen hüjüm hasaplanylýandygy aýdylýar. Interwiýu alýan žurnalist “Meniň... Читать дальше...

Aşgabatda müňläp ekilen agaç nahallary guraýar

Azathabar.com 

Garaşsyzlyk ýyllary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, esasan-da, Aşgabadyň eteklerinde her ýylda on müňlerçe düýp agaç nahallarynyň oturdylýandygy barada metbugatda we radio-telewideniýede yzygiderli mahabatly maglumatlar berilýär.

Ýewropa banky ÝB-niň Eýranyň ýadro ylalaşygyny halas etmek planyna şübhe bildirýär

Azathabar.com 

Ýewropanyň Inwestisiýa bankynyň başlygy Ýewropa Bileleşiginiň Eýranyň ýadro ylalaşygyny aman saklamak barada beren wadasyny ýerine ýetirip biljegine şübhe bildirýär, sebäbi ÝB-niň çak edişi ýaly, bankyň Eýrana maýa ýatyryp bilmeýändigini aýdýar.  Bankyň prezidenti Werner Hoýer 18-nji iýulda, ABŞ ondan çykmak kararyna gelenden soň, ÝB-niň 2015-nji ýyldaky ylalaşygy aman saklamak ugrunda edýän tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy. Şol bir wagtda-da ol “Eýran biziň aktiw rol oýnap bilýän ýerimiz däl” diýdi. Читать дальше...

Britan polisiýasy Skripal hüjüminde güman edilýänleriň şahsyýetini anyklaýar - report

Azathabar.com 

Britan sülçüleri özleriniň ozalky rus ikitaraply agenti Sergeý Srripala we onuň gyzyna edilen nowiçok hüjüminde jogapkär diýip güman edilýän adamlaryň şahsyýetlerini anyklandyklaryna ynanýarlar diýip, “Press Association” (PA) 19-njy iýulda habar berdi. PA bu derňewden habarly, emma ady aýdylmadyk çeşmäniň aýdan sözlerine salgylanyp, ataly-gyzy öldürmek synanyşgyna birnäçe orsýetliniň dahylly bolandygyny aýtdy.  Çeşme güman edilýänleriň şahsyýetleriniň şol döwürde ýurda girýän adamlaryň bellige... Читать дальше...

Ak tam Putiniň bilelikde polisiýa sorag etmelerini geçirmek teklibiniň üstünde oýlanýar

Azathabar.com 

Ak tam we Döwlet departamenti rus prezidenti Wladimir Putiniň, eger Kreml tankytçysy William Browderi yzarlaýan rus prokurorlaryna birnäçe amerikany sorag etmäge rugsat berilse, amerikan prokurorlaryna 2016-njy ýylyň prezident saýlawlaryna gatyşmakda aýyplanýan 12 orsýetlini sorag etmäge rugsat bermek baradaky teklibiniň üstünde ylalaşmaýar.  At tam 18-nji iýul güni giçlik Putiniň 16-njy iýulda geçen sammitde prezident Donald Trampa eden teklibiniň üstünde oýlanýandygyny aýtdy, emma Döwlet departamenti we Federal derňew býurosy (FDB)... Читать дальше...