ru24.pro
World News in Turkmen
Июль
2018

Türkmen futbolçylary CAFA-nyň ýaryşynda iň soňky orny eýelediler

0
Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýetginjekleriniň arasyndaky futbol toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda iň soňky orny aldy.


Türkmen futbolçylary duşenbe güni Daşkentde bäşinji orun üçin gyrgyz topary bilen geçiren duşuşygynda 4:0 hasaby bilen ýeňildi.


Merkezi Aziýanyň Futbol Assosasiýasynyň çempionatynda türkmen futbolçylary mundan öň, täjiklerden 0:2, owganlardan 0:3, özbeklerden 1:4, eýranlardan hem 0:5 hasaby bilen ýeňilipdi.


22-30-njy iýul arasynda Daşkentde geçirilen futbol ýaryşynda alty döwletiň 15 ýaşyna çenli ýetginjek futbolçylary bäsleşdi.


Çempionatda birinji orny Eýran, ikinji orny Özbegistan we üçünji orny Täjigistan almagy başardy.