ru24.pro
World News in Turkmen
Июль
2018

Çeçen lideri Ramzan Kadyrowyň ýegeni Groznynyň häkimi wezipesine bellenildi

0
Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrowyň ýegeni ýerli kanunçykaryjylar tarapyndan Groznynyň häkimi wezipesine bellenildi.


26-njy iýulda Grozny şäher geňeşi Kadyrowyň aýal dogany Zulaýyň ogly Ibragim Zakriýewi Çeçenistanyň paýtagtynyň häkimi wezipesine bellemek barada ses berdi.


Zakriýew Çeçenistanyň premýer-ministri bolmak üçin iýun adynda wezipesinden çekilen Muslim Huçiýewiň ýerine işe başlar.


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän we raýat aktiwistleri Kadyrow 2007-nji ýylda rus prezidenti Wladimir Putin tarapyndan Çeçenistanyň lideri bellenileni bäri, ýurtdaky administratiw wezipeleriň aglabasyny Kadyrowyň dogan-garyndaşlarynyň eýeleýändigini aýdýarlar.