ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

ABŞ-nyň harby çäre görmek haýbatlary we protestlerde ölenleriň sanynyň artmagy bilen, Tramp Eýranyň gepleşik geçirmek isleýändigini aýdýar

0

Birleşen Ştatlaryň Tähranyň hökümete garşy köpçülikleýin protestleri rehimsiz basyp ýatyrmagyna jogap hökmünde harby çäre görmek baradaky haýbatlary bilen baglylykda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň ýolbaşçylarynyň Waşington bilen gepleşik geçirmäge çalyşýandygyny aýtdy.

“Eýranyň liderleri jaň etdiler” diýip, Tramp 11-nji ýanwarda “Air Force One” uçarynda žurnalistlere aýtdy.

Ol sözüniň üstüni ýetirip, “duşuşyk gurnalýar... Olar gepleşik geçirmek isleýärler” diýdi.

Emma muňa garamazdan, Tramp anyklaşdyrman, “Biziň duşuşykdan öň hereket etmeli bolmagymyz hem mümkin” diýdi.

Eýranyň näme barada gepleşik geçirmekçi bolýandygy bada-bat belli bolmady. Iki ýurduň arasynda mundan öň Tähranyň gapma-garşylykly ýadro programmasy barada, göni däl, gytaklaýyn gepleşikler geçirilipdi.

ABŞ we beýleki Günbatar ýurtlary Tährandaky hökümetiň protestçilere garşy ulanýan gazaply basyp ýatyrmalaryny ýazgardylar. Bu ýurtlar ozal, ýadro ýaraglaryny öndürmek synanyşygy sebäpli, Eýrana garşy sanksiýa girizdiler. Tähran özüniň ýadro ýaraglaryny öndürmekçi bolýandygyny ret edýär.

Soňky 15 günüň dowamynda hökümete garşy demonstrasiýalaryň basylyp ýatyrylmagynyň arasynda 500-den gowrak adamyň öldürilendigi baradaky tassyklanmadyk habarlaryň ýaramagy bilen, Tramp 11-nji ýanwarda özüniň we ABŞ harbylarynyň Eýranda protestçileri goldamak üçin nähili mümkinçilikleriň bolup biljekdigini öwrenýändigini aýtdy.

"Harbylar bu meselä seredýär we biz örän güýçli mümkinçilikleriň käbirini gözden geçirýäris" diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy.

Şeýle-de, ol özüniň Eýranyň oppozisiýa liderleri bilen habarlaşýandygyny aýtdy, emma anyk nämeleri ara alyp maslahatlaşmaýandygyny hem aýtmady.

Tähran Trampyň aýdan sözleri bilen baglylykda bada-bar düşündiriş bermedi.

Tramp bu sözleri amerikan metbugatynda ABŞ lideriniň Eýrandaky halk protestlerine garşy görülýän berk howpsuzlyk çärelerine jogap bermegiň mümkinçilikleri barada brifing geçirendigi habar berleninden soň aýtdy.

Onuň Eýrandaky protestleri goldamak üçin birnäçe mümkinçiligi göz öňünde tutýandygy barada aýdan sözleri “Axios”, “The New York Times” we “Wall Street Journal” gazetleri, beýleki neşirler tarapyndan hem tassyklanýana meňzeýär.

WSJ gazeti 13-nji ýanwarda prezidente anyk mümkinçilikleriň hödürlenjekdigini habar berdi.

WSJ neşiriniň ýazmagyna görä, indiki ädimler harby hüjümleri, Eýranyň harby güýçlerine garşy gizlin kiber ýaraglaryny ýerleşdirmegi we Eýranyň hökümetine garşy has köp sanksiýalary girizmegi öz içine alyp biler.