ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2026
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Türkmen DIM-niň başlygy ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçisi bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

0

Daşary işler ministri Raşid Meredow 7-nji ýanwarda ABŞ-nyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy diýip, türkmen DIM-I habar berdi.

Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, ýyllyk syýasy geňeşmeleriň we “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler geňeşiniň duşuşyklarynyň netijeliligi bellenildi.

Taraplaryň, hususan-da, amerikan kompaniýalarynyň Turkmenistandaky işleriniň netijeliligini we elektrik energiýasy, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda, şol sanda “John Deere”, “General Electric” we “Boeing” ýaly kompaniýalar bilen bilelikdäki işewürlik şertnamalarynyň durmuşa geçirilmegini “aýratyn nygtandyklary” aýdylýar.

Diplomatlar bilim, ylym we medeniýet ugurlaryna üns berip, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy türkmen-amerikan medeni dialogyny ýola goýmak başlangyjyny beýan etdi.

Duşuşykda ýokary tehnologiýalar we bank-maliýe pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.