ru24.pro
World News in Turkmen
Апрель
2026
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Новости за 17.04.2026

Balkan-Aşgabat ýolunda bolan ulag hadysasynda bäş adam heläk boldy

Azathabar.com 

Balkan-Aşgabat gara ýolunda 15-nji aprelde bolan ýol hadysasynda bäş adam heläk boldy. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň arasynda bolan ýol heläkçiligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy aprelde sebitden maglumat berdi. “Heläkçilige uçran ‘Toyota Avalon’ kysymly ulag ýolda ençeme gezek togalanandygy sebäpli pres enjamdan çykan ýaly bolupdyr. Munuň netijesinde ulagyň içindäki bäş adam, şol sanda sürüji we ýolagçylaryň hemmesi heläk boldy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýol polisiýasy anonimlik şertinde aýtdy. Читать дальше...

Amyderýada balyk tutmak gadagançylygynyň arasynda bazarlarda balyk gymmatlady

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda Amyderýada balyk tutmaga girizilen çäklendirmeleriň fonunda balygyň bahasy esli ýokarlandy. Ýerli ýaşaýjylar we satyjylar häzirki wagtda bazarda balygyň öňküsine garanda iki esse gymmatlandygyny aýdýarlar. Türkmenabadyň “Gök” bazarynda şu günler iň arzan balyklar bit kilogramy 300 manada satylýar, öň şol bir balygyň bahasy 150 manat töwereginde bolupdy. Satyjylar balyklaryň ähli görnüşleriniň ortaça iki esse gymmatlandygyny aýdyp, öň 200–250 manat aralygynda satylan balyklaryň häzirki... Читать дальше...

Maryda ýene ýokary derejeli sapara garaşylýar. Arassaçylyk işleri, polisiýa gözegçiligi güýçlendirildi

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň ýolöten etrabynda ýene ýokary derejeli ýolbaşçynyň saparyna taýarlyk görülýär diýip, ýeri habarçymyz 17-nji aprelde, irden habar berdi. Mundan öň habarçylarymyz türkmen prezidentiniň 8-nji aprelde Marydaky, 10-njy aprelde bolsa Lebapdaky çärelere gatnaşyp, giň gerimli arassaçylyk, köpçülik çäreleriniň geçirilmegine sebäp bolandygyny, hatda huşuny ýitiren adamlaryň hem bolandygyny habar beripdiler. 14-nji aprelde gelen güýçli ýel Maryda biraz öň geçirilen arassaçylyk işlerini biderek etdi... Читать дальше...

Balkanda gullukdan ir boşamak isleýän esgerlerden 10 müň manada çenli para soralýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatyndaky harby bölümlerde gullukdan ir boşamak isleýän esgerleriň hossarlary üçin “para möwsümi” başlandy diýip, harby çeşmelerimiz we ene-atalaryň ençemesi aýdýar. Çeşmelerimiz harby ýolbaşçylaryň bu ýagdaýlara göz ýumýandygyny we munuň “häkimiýetleriň harby ofiserleri işde saklap galmak tagallalarynyň bir bölegidigini” aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-aprelde sebitden maglumat berdi. Balkanda gulluk edýän ogullaryny alyp gitmek üçin ýurduň Mary, Lebap we... Читать дальше...

Tramp: ABŞ, Eýran gepleşikleriň ikinji tapgyrynda duşuşyp biler, ylalaşyga "gaty ýakyn"

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň we Eýranyň urşuň soňuna çykjak ylalaşyga "gaty ýakyndygyny” we ABŞ, Eýran gepleşikçileriniň şu hepdäniň ahyrynda gepleşikleriň ikinji tapgyrynda duşuşyp biljekdigini aýtdy. "Biz näme boljakdygyny göreris. Ýöne, meniň pikirimçe, biz Eýran bilen ylalaşyk baglaşmaga örän ýakyn" diýip, Tramp 16-njy aprelde Ak Tamyň daşynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berende “ýakyn” sözüni birnäçe gezek gaýtalap aýtdy we "Ylalaşyk baglaşmagymyzyň örän uly mümkinçiligi bar" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Читать дальше...