ru24.pro
World News in Turkmen
Апрель
2026
1 2 3 4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30

Новости за 15.04.2026

Balkanda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylara garşy reýd geçirildi, onlarça adam tussag edildi

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri şu ýyl hristianlaryň mukaddes Pasha baýramynyň bellenýän günlerinde Balkanabat şäherindäki esasy hristian ybadathanasynyň töwereginde reýd geçirdiler. Reýdleriň dowamynda soňky ýyllarda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylaryň, şol sanda türkmenleriň we beýleki azlyklaryň wekilleriniň onlarçasy tussag edilip, kemsitmelere, basyşlara, haýbatlara we hatda fiziki zorluga sezewar edildi. Mundan başga-da, häkimiýetler hristian dinini wagyz edýänlere we Ýegowa şaýatlary... Читать дальше...

Daşary ýurtlardan barýan türkmenistanlylar COVID-19 synagyndan geçmek talabyndan nägile bolýarlar

Azathabar.com 

Türkmenistan dünýäde koronawirus pandemiýasy döwründe ulanylyp, 2023-nji ýylyň maýynda global derejede ýatyrylan PCR testlerini geçirmegini dowam etdirýär. Daşary ýurtlardan Türkmenistana barýan ýolagçylar serhetden geçende COVID-19 testinden geçip, töleg etmäge mejbur bolýar. Aşgabat halkara howa menziline gelip düşýän ýolagçylar öňküsi ýaly aýratyn nokatlara ugradylyp, koronawirus üçin PCR synagyndan geçmäge mejbur edilýär diýip, Azatlygyň ýurt içindäki birnäçe çeşmesi 13-nji aprelde habar berdi. Читать дальше...

Tramp Eýran bilen ýaraşyk möhletini uzaltmak meýilnamasynyň ýokdugyny aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran bilen arada atyşygy iki hepdelik bes etmek barada gelnen ylalaşygyň möhletini uzaltmak meýilnamasynyň ýokdugyny aýtdy. "Bu dürli ýagdaýda gutaryp biler, ýöne meniň pikirimçe, ylalaşyk has gowy, sebäbi şonda olar täzeden gurup bilerler" diýip, Tramp 14-nji aprel güni giçlik ABC News neşiriniň habarçysy Jonatan Karla beren interwýusynda aýtdy. Geçen hepdäniň aýagynda Yslamabatda geçirilen parahatçylyk gepleşiklerine mümkinçilik bermek üçin, iki tarap 7-nji aprelde urşuň togtadylmagy barada ylalaşyga geldi. Читать дальше...