ru24.pro
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Новости за 30.12.2018

Pariždäki protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz ulanyldy, demonstrasiýaçylaryň sany azaldy

Azathabar.com 

Fransiýanyň “sary keltekçe” protestçilerine ýene birnäçe müň adam goşuldy, olaryň käbiri prezident Emmanuel Makronyň işden çekilmegine çagyrdy, emma hökümete garşy demonstrasiýaçylaryň umumy sany kesgin azalan ýaly göründi. 29-njy dekabrdaky protestçileriň resmi sany bada-bat elýeterli bolmady, emma Fransiýanyň Kanal LCI telewideniýesi ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp, demonstrasiýa çykanlaryň 12 müň bolandygyny, munuň öňki hepdede habar berlen 40 müň protestçiden kän azdygyny aýtdy. Protestleriň... Читать дальше...

Demirgazyk Koreýanyň lideri Täze ýylda has kän gepleşik geçirmek isleýär

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýanyň lideri Günorta Koreýanyň liderini Täze ýylda has kän gepleşik geçirmäge çagyrýar. Bu pikir Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-ine iberen hatynda aýdylýar. Şeýle-de Kim öz hatynda Günorta Koreýanyň paýtagty Seula planlaşdyrylan saparyny amala aşyryp bilmeýändigine gynanç bildirdi. Seul bu saparyň şu ýylyň aýagynda bolmagyna umyt baglapdy. Hatyň mazmuny Moonyň edarasy tarapyndan 30-njy dekabrda aýan edildi.  Kim we Moon şu ýyl... Читать дальше...

Sibirde bolan uçar we ýol hadysalarynda azyndan on adam öldi

Azathabar.com 

Sibiriň Hanty-Mansi sebitinde bolan ýol hadysasynda azyndan alty adam öldi diýip, rus döwlet mediasy habar berýär. TASS habar gullugynyň 29-njy dekabrda, ýerli adatdan daşary ýagdaýlar gullugynda bir çeşmä salgylanyp beren maglumatyna görä, ýol hadysasynda 18 adam ýaraly boldy.  TASS bilen gürleşen saglyk resmileri, ýaralylaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýdyp,ölenleriň sanynyň köpelmek äthimallygyny duýdurdylar.   Habar gullugynyň maglumatyna görä, “Rosneft” nebit kompaniýasynyň eýeçiligindäki awtobus işçileri alyp barýan wagtynda... Читать дальше...

Türkiýe, Orsýet Siriýadaky tagallalaryny “ýerinde” utgaşdyrmak ylalaşygyna geldi

Azathabar.com 

Türkiýe bilen Orsýet, ABŞ-nyň planlaşdyrylan goşun çykarmasyndan soň, Siriýadaky tagallalaryny “ýerinde” utgaşdyrmak hakynda ylalaşyga geldiler diýip, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 29-njy dekabrda, Moskwada türk resmileri bilen bolan duşuşykdan soň aýtdy. "Elbetde, biz Birleşen Ştatlaryň yglan eden goşun çykarmasy bilen baglylykda dörän täze ýagdaýlara ýörite üns berdik” diýip, “Interfaks” habar gullugy Lawrowyň sözlerini sitirledi. Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu... Читать дальше...

Tähranda studentler ganly awtobus heläkçiligi sebäpli protest bildirdiler

Azathabar.com 

Eýranyň Azad uniwersitetiniň ýüzlerçe studenti paýtagt Tähranda geçen hepde bolan awtobus hadysasy zerarly gahar-gazaplaryny bildirmek üçin proteste çykdylar. Gürrüňi edilýän awtobus hadysasynda onlarça student öldi we ýaralandy.  Studentleriň käbiri bu hadysada günäläp, uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň işden çekilmegine çagyrdy. Proteste heläk bolan studentleriň hem käbir garyndaşlary goşuldy diýip, Eýranyň habar serişdeleri habar berdi. Tährandaky Yslamçy Azad uniwersitetiniň Ylym we barlaglarbölüminiň... Читать дальше...

Putin bilen Lukaşenka iki ýurduň arasyndaky energiýa dawalaryny maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we onuň belarus kärdeşi Aleksandr Lukaşenka 29-njy dekabrda Kremlde iki ýaranyň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirýän energiýa dawalary barada maslahat etdi. Bu 25-nji dekabrdaky pikir alyşmalardan soň iki lideriň soňky günlerdäki ikinji duşuşygy bolup durýar. Orsýet şu ýylyň başynda öz salgyt sistemasyny üýtgetdi we bu üýtgeşme Belerusy rus gazy we nebiti üçin has köp töleg tölemeli etdi. Belarus bu üýtgeşikligi tankyt etdi, emma Moskwa Minskiniň şindi hem... Читать дальше...