ru24.pro
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Demirgazyk Koreýanyň lideri Täze ýylda has kän gepleşik geçirmek isleýär

0
Demirgazyk Koreýanyň lideri Günorta Koreýanyň liderini Täze ýylda has kän gepleşik geçirmäge çagyrýar.


Bu pikir Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-ine iberen hatynda aýdylýar.


Şeýle-de Kim öz hatynda Günorta Koreýanyň paýtagty Seula planlaşdyrylan saparyny amala aşyryp bilmeýändigine gynanç bildirdi. Seul bu saparyň şu ýylyň aýagynda bolmagyna umyt baglapdy.


Hatyň mazmuny Moonyň edarasy tarapyndan 30-njy dekabrda aýan edildi. 


Kim we Moon şu ýyl, Phenýan ilki birnäçe ýadro we raketa synagyny geçirip, Seul we Günbatar tarapyndan ýazgarylyp, yzyndan diplomatiýany ýokarlandyrandan soň üç gezek duşuşdy.

Şeýle-de Kim ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen hem duşuşdy. Emma bu taryhy duşuşykdan soň ýadro gepleşikleri çalt sowady, sebäbi Demirgazyk ýadro ýaraglaryndan saplanmazyndan öň ABŞ sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny talap etdi.