ru24.pro
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 29.05.2018

Aşgabatda çal tozanyň we ýagşyň netijeleri arassalanýar

Azathabar.com 

27-den 28-ne geçen gije Aşgabady çal tozan gurşap aldy. Bu ýagdaý 28-nji maýda tutuş güni dowam edip, 29-njy maýda hem çal tozanyň howada belli bir derejede saklanyp galýandygyny görse bolýar. 29-njy maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň işgärleri iki gün ozal ýagan güýçli ýagşyň netijelerini arassaladylar.

Aşgabady çal tozan gurşap aldy

Azathabar.com 

27-den 28-ne geçen gije Aşgabady çal tozan gurşap aldy. Bu ýagdaý 28-nji maýda tutuş güni dowam edip, 29-njy maýda hem onuň howada belli bir derejede saklanyp galýandygyny görse bolýar.

Türkmenistan öz içeri işler organlarynyň gününi belleýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda içeri işler organlarynyň güni bellenýär. Türkmenistanyň prezidenti 29-njy maýda döwlet derejesinde bellenýän bu sene sebäpli eden gutlagly ýüzlenmesinde içeri işler organlaryň işgärleriniň tertip-düzgüni saklamak we jemgyýetçilik durnuklylygyny berjaý etmek arkaly ýurduň syýasy, ykdysady, medeni we ruhy durmuşyndaky üstünlikli özgerişliklerine we onuň “dünýäniň ýokary derejede ösen döwletleriň hataryna tizlik bilen girmegine” agramly goşant goşýandygyny belledi. TDH döwlet habar agentliginiň çap eden resmi maglumatyna görä... Читать дальше...

Britan lukmanlary Sergeý we Ýuliýa Skripalyň diri galjagyna garaşmandyr

Azathabar.com 

Nerwe täsir ýetiriji harby serişdesinden zäherlenen Orsýetiň öňki gizlin agenti Sergeý Skripaly we onuň gyzy Ýuliýany bejerýän keselhananyň geňeşçisi olaryň diri galjagyna başda garaşmandygyny aýtdy. “Biz munuň nerw maddasy bolandygyny anyklanymyzda olaryň diri galmajagyny çak etdik. Biz ähli bejeriş usullary ulandyk. Biz ähli kliniki kömegi berjaý etdik. Emma ähli alamatlar olaryň diri galmajagyny görkezi” diýip, Stephen Jukes BBC agentligine beren interwýusynda aýtdy. Sergeý we Ýuliýa Skripal... Читать дальше...

Orsýet Telegramy petiklemek üçin Apple kompaniýasyndan ýardam sorady

Azathabar.com 

Orsýetiň aragatnaşyk ulgamynyň dolandyryjysy ABŞ-nyň mobil telefon öndürijisi Apple kompaniýasyndan meşhur Telegram ulgamyny Orsýetde petiklemäge ýardam sorandygyny mälim etdi. Roskomnadzoryň metbugat gullugynyň 28-nji maýda aýtmagyna görä, bu agentlik Apple hat ýollap, Telegram ulgamynyň Orsýetdäki ulanyjylaryna maglumat ýetirmek boýunça hyzmatyny petiklemek üçin ýardam sorapdyr. Rozkomnadzor Telegramdan öz ulanyjylarynyň şahsy gepleşikleriniň elýeterli edilmegini talap edipdi, emma kompaniýa bu talapdan ýüz öwürensoň... Читать дальше...

Hindistan Eýran bilen söwdasyny dowam etdirjegini aýdýar

Azathabar.com 

Hindistan ABŞ-nyň Eýrana we Wenesuela garşy ýaňy-ýakynda yglan eden sanksiýalarynyň bozulmagy sebäpli bolup biljek jerimelere garamazdan, bu iki ýurt bilen söwda etmegini dowam etdirer diýip, Hindistanyň daşary işler ministri Suşima Swaraj aýtdy. Hindistan Eýranyň nebiti eksport edýän esasy ýurdudyr. 28-nji maýda geçirilen metbugat-konferensiýasynda Swaraja ABŞ-nyň Eýran bilen ýadro ylalaşygyndan çekilmek we sanksiýalary dikeltmek boýunça hereketi barada berlen soraga ol Hindistanyň syýasatynda aýra başga ýurtlaryň sanksiýalarynyň däl-de... Читать дальше...

Owgan harbylarynyň reýdinde dokuz adam, esasan raýatlar ýalňyşlyk bilen öldürildi

Azathabar.com 

Owgan harbylary Nangarhar welaýatynda bir ýaşaýyş jaýda geçiren reýdinde ýalňyşlyk bilen dokuz adamy öldürdiler, esasan parahat ýaşaýjylary diýip, owgan resmileri habar berdiler. Welaýatyň häkiminiň orunbasary Attaullah Hogyaniniň 29-njy maýda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, geçen gije Çaparhar etrabynda geçirilen operasiýanyň dowamynda sekiz adam, şol sanda bir çaga hem zenan ýaralanypdyr. Bu ýagdaý derňelýär diýip, Hogyani aýtdy. Käbir media maglumatlarynda wepat bolanlaryň... Читать дальше...

Aşgabadyň aeroportunda zenanlar halkara reýslerinden düşürilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmakda duçar bolýan kynçylyklary dowam edýär. Aşgabadyň halkara aeroportunda ýaňy-ýakynda türkmenistanly zenanlaryň birnäçesiniň ýurduň daşyna goýberilmändigi bilen bagly wakalaryň ikisi Azatlyk Radiosyna mälim boldy.  Читайте также на русском Ýakyn günlerde bir zenan ýurduň daşyna gidip bilýändigi barada migrasion gullugyndan resminama almandygy sebäpli Türkiýä goýberilmedi.    "Biziň elimizde dynç alyş hakyndaky resminamalar bardy. Adamymdan migrasion gullukdan resminama soramadylar... Читать дальше...