ru24.pro
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 23.05.2018

Nemes daşary işler ministri ABŞ-da Eýranyň ýadro ylalaşygyny maslahat eder

Azathabar.com 

23-nji maýda Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maasyň Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşyp, Waşingtonyň 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyndan çykmagynyň netijeleri barada gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Astrahanda gurlan mekdebiň açylşy Türkmenistana mahsus çäreler bilen tapawutlandy

Azathabar.com 

Orsýetiň Astrahan regionynda Türkmenistan tarapyndan gurlan mekdep açyldy. 18-nji maýda Powolžýe etrabynda türkmenleriň ýaşaýan Funtowo obasynda dabaraly ýagdaýda açylan mekdep Türkmenistanyň prezidentiniň sowgadydyr, bu barada mekdebiň binasynda ýerleşdirilen ýazgy habar berýär. Читайте также на русском Azatlyk Radiosynyň Astrahandaky habarçysynyň maglumatyna görä, Orsýetiň we Türkmenistanyň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasy, Türkmenistanda adata öwrülen formatda... Читать дальше...

Nawalnyýnyň YouTube kanalynyň alyp baryjysy 30 gün türme tussaglygyna höküm edildi

Azathabar.com 

Tussaglykdaky oppozision syýasatçy we korrupsiýa garşy aktiwist Alekseý Nawalnyýnyň YouTube kanalynyň alyp baryjysy Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine garşy geçirilen köpçülikleýin protestler bilen baglanyşykly 30 gün türme tussaglygyna höküm edildi. Ruslan Şaweddinow özüniň Moskwadaky öýüniň daşynda polisiýa tarapyndan 22-nji maýda tussag edildi we Twerskoý polisiýa merkezine alnyp gidildi. Şaweddinow sud zalynyň gapysynyň öňünde surata düşüp, “30 gün. Men sizi ýurdumyzyň gelejegi ugrundaky... Читать дальше...

BMG: 2018-nji ýylda Owganystanda 100 müň adam başga ýere göçmäge mejbur boldy

Azathabar.com 

Birleşen Milletler Guramasy şu ýylyň başyndan bäri Owganystanda konflikt we tebigy betbagtçylyklar zerarly 108,000-den gowrak adamyň öz öýüni terk edip, başga ýere göçmäge mejbur bolandygyny aýdýar. Şu ýylyň 1-nji ýanwary bilen 13-nji maýy aralygynda jemi 108,440 adam başga ýere göçdi diýip, 22-nji maýda BMG-niň Ynsanperwer meseleleriň koordinasiýasy baradaky edarasy habar berdi. Öz ýaşaýan sebitini terk etmäge mejbur bolan adamlaryň sany boýunça Gazny welaýatynyň gündogar bölegi ilkinji orunda durýar. Читать дальше...

Germaniýanyň daşary işler ministri ABŞ-da Eýranyň ýadro ylalaşygyny maslahat edýär

Azathabar.com 

23-nji maýda Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maasyň Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşyp, Waşingtonyň 2015-nji ýylda Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyndan çykmagynyň netijeleri barada gepleşikleri geçirmegine garaşylýar. Maas Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) we Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy John Bolton bilen duşuşar. Bu duşuşyk, Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy “taryhdaky iň... Читать дальше...

Aşgabatda gytalan şeker ýene gymmatlaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda azyk defisiti dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Aşgabatda ýene-de şeker gymmatlapdyr we käbir dükanlarda asla satuwdan aýrylypdyr. Читайте также на русском “Döwlet dükanlarynda şekeriň bir kilogramyny 7 manatdan satýarlar, bu hem soňky günlerinde gytaldy. Käbir dükanlar asla satmaýarlar. Hususy dükanlarda şekeriň bir kilogramyny 9-10 manatdan satýarlar we onuň tiz wagtda 15 manat boljagyny ýuwaşlyk bilen duýdurýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar. Читать дальше...

Tehasdaky mekdepde öldürilen pakistanly okuwçy Karaçide jaýlanýar

Azathabar.com 

Geçen hepde Birleşen Ştatlaryň mekdebindäki ok atyşykda öldürilen pakistanly okuwçynyň Karaçi şäherinde geçirilen jaýlanyş çäresine ýüzlerçe adam gatnaşdy. 18-nji maýda Tehas ştatynyň Santa Fe sebitindäki mekdepde bir okuwçynyň öz klasdaşlaryna ot açmagy netijesinde sekiz okuwçy we iki mugallym, şol sanda 17 ýaşyndaky Sabika Şeýh aradan çykdy. Şeýhiň jesedi 23-nji maýda Pakistana getirildi we mazarlykda jaýlanmazdan ozal, köpçüligiň ýygnanan meýdançasyna alnyp gidildi. “Meniň gyzym şehit we şehitler ölmeýär” diýip... Читать дальше...

Berdimuhamedow krizis döwri, 'möhüm' sport çärelerini maslahat edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti – ýurduň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän döwri, azyk harytlarynyň hem gymmatlap ýa asla-da söwda tekjelerinden ýitirim bolýan wagty – Ministrler Kabinetiniň ýörite mejlisini geçirip, onuň dowamynda, esasan, şu ýyl geçiriljek sport çärelerine görülýän taýýarlyklar bilen gyzyklandy.