ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2018

Новости за 27.03.2018

Aşgabat aeroportyndan köp ýolagçy daşary ýurtlara goýberilmeýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň haklara aeroportyndan daşary ýurda barýan ýolagçylardan, ylaýta-da Stambula uçmakçy bolýanlaryň gaty köpüsiniň yzyna gaýtarylýandygy we mundan nägile ýolagçylaryň ol ýerde üýşmäge başlandygy habar berilýär.

Günbatar ýurtlarynyň ençemesi Orsýet diplomatlaryny çykarýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Britaniýada öňki goşa aňtaw agentiň zäherlenmegine jogap hökmünde 60 çemesi orsýetli “aňtaw ofiserini” ýurtdan çykarmagy tabşyrdy. Munuň bilen bir wagtda Ýewropa Bileleşiginiň 14 agzasy we Ukraina orsýet diplomatlaryny öz ýurtlaryndan çykarmak kararlaryny yglan etdiler. Britaniýa we Günbatar ýurtlary Sergeý Skripala we onuň gyzy Ýuliýa garşy nerwe täsir ýetiriji zäherli maddany ulanmakda Orsýeti güman edýärler. ABŞ-nyň karary Orsýetiň Nýu Ýorkda BMG-niň missiýasyndaky... Читать дальше...

Türkmenler Moskwada Nowruzy bellediler

Azathabar.com 

25-nji martda Moskwada Nowruz baýramy bellenilip geçildi. Oňa 15, şol sanda türkmenleriň diasporasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

ÝHHG-niň gözegçiler topary gündogar Ukrainada howadan gözegçilik programmasyny dikeldýär

Azathabar.com 

Gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky heläkçilikli konflikte syn etmäge jogapkär Ýewropanyň howpsuzlyk guramasy sürüjisiz uçarly gözegçilik boýunça bir ýarym ýyllyk programmasyny hödürlär. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Ukrainadaky ýörite synçy missiýasy dronly gözegçilik boýunça öz programmasyny hökümetiň gözegçiligindäki Konstantinowka atly şäheriň golaýynda 28-nji martda gaýtadan işledip başlaýandygyny aýtdy. ÝHHG-niň ýörite missiýasynyň... Читать дальше...

Özbegistan owgan hökümetiniň we 'Talybanyň' arasynda göni gepleşikleri guramagy teklip etdi

Azathabar.com 

Özbegistan Owganystanyň hökümetiniň we “Talyban” toparynyň arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleri öz territoriýasynda geçirmegi teklip etdi. Prezident Şawkat Mirziýoýew bu teklibini 27-nji martda, Daşkentde geçirilen we owgan hökümetiniň hem söweşiji toparyň arasynda gepleşikleri ýola goýmak meselesini gün tertibine goýan ýokary derejeli duşuşykda öňe sürdi. Merkezi Aziýanyň 32 million ilatly bu ýurdy uzak wagtlap dowam eden üzňelikden hem ykdysady durgunlykdan çykmak üçin halkara derejesindäki roluny ösdürmek... Читать дальше...

Kemerowo: Müňlerçe adam protest geçirdi, Putin 'günäkärleri jezalandyrmagy' wada berdi

Azathabar.com 

Müňlerçe adam Sibiriň Kemerowo şäherinde protest geçirdi we söwda merkezinde bolan heläkçilikli ýangyn bilen baglylykda düşündiriş sorap, regional hökümetiň iş başyndan çekilmegini talap etdi. 25-nji martda dynç güni uly söwda merkezinde bolan ýangynda 64 adam wepat boldy, olaryň aglaba köpüsi çagalardy. Ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda başlanan ýöriş müňlerçe adama çenli ulalyp, protestçiler şäheriň merkezine jemlendi. 27-nji martda irden Kemerowo şäherine baran Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin... Читать дальше...

Tatarstanda Türkmenistandan eltilen “galp” süýjüler saklandy

Azathabar.com 

Gazanyň gümrük gullugynda Türkmenistandan eltilen süýjüleriň barlagynda “Obýedinennyýe konditery” atly kärhanalar bileleşiginiň “Barbaris”, “Garagum” we “Wdohnoweniýe” atly söwda belgileriniň bikanun ulanylmagynyň üsti çyldy diýip, “Kmsomolskaýa prawda” neşri habar berdi. Maglumata görä, gümrügiň arzasy boýunça ygtyýarly tarapyň wekili eksport ediji guramany öz harydynda söwda belgilerini bikanun ýerleşdirendigi üçin administratiw jogapkärçiligine çekmegi sorapdyr. Şeýlelikde gümrükçiler 189... Читать дальше...

Azyk harytlarynyň gytçylygy dowam edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň welaýatlarynda azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň, aýratyn-da, unyň, şekeriň, ösümlik ýagynyň gytçylygy indi ýarym ýyl bäri dowam edýändigini ýaşaýjylar tassyklaýarlar.