ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2018

Новости за 24.03.2018

Moskwanyň golaýyndaky poligona garşy täze protestler geçirildi

Azathabar.com 

24-nji martda Moskwanyň ortaça 100 kilometr günbatarynda ýerleşýän Wolokolamskda 1000 çemesi adam ýene protest geçirdi. Olar zäherli gazy syzdyrýan poligonyň ýapylmagyny talap etdiler. Bu zäherli gazyň netijesinde şu hepde onlarça çaga zeper ýetipdi. Protestçiler ýerli dolandyryş edaralarynyň öňünde ýygnandylar. Bu protestler Moskwa regionynyň häkimi Andreý Worobýowyň bir gün ozal etrap başlygyny işden boşadandygyna garamazdan amala aşyrylýar. 21-nji martda Wolokolamskyň golaýyndaky “Ýadrowo”... Читать дальше...

Eýran Birleşen Ştatlaryň 10 eýranla garşy girizen sanksiýalaryny tankyt edýär

Azathabar.com 

24-nji martda Eýran döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän uly göwrümli haker we intellektual emläk ogurlygyna gatnaşygy bardygy aýdylyp, Birleşen Ştatlar tarapyndan özüniň 10 raýatyna we eýranly bir kompaniýa täze sanksiýalaryň girizilmegini tankyt etdi. 23-nji martda Birleşen Ştatlaryň Hazyna departamenti, ýagny Maliýe ministrligi Eýranyň Rewolýusiýa gwardiýasy üçin ýüzlerçe uniwersitete haker hüjümini etmekde aýyplap, “Mabna institutyna” we dokuz eýranla garşy aýyplama bildirdi. Eýranyň Daşary... Читать дальше...

Müsüriň Aleksandriýa şäherinde bolan partlamada iki adam öldi

Azathabar.com 

24-nji martda Müsüriň ikinji iň uly şäheri Aleksandriýada ulagyň aşagyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde iki adam, şol sanda polisiýa ofiseri öldi. Aleksandriýanyň howpsuzlyk polisiýasynyň başlygy general-maýor Mostafa al-Nemriň nyşana alnandygy ýaly bolup görünýän partlamada başga-da dört polisiýa ofiseri ýaralandy diýip, Müsüriň Içeri işler ministrligi aýtdy. “Partlama Aleksandriýanyň Howpsuzlyk direktoratynyň başlygy geçip barýan mahaly, Roşdi etrabynda boldy” diýip, ministrligiň beýanatynda bellenilýär. Читать дальше...

Siriýanyň armiýasy Damaskyň etegindäki territoriýalarda öz kontrollygyny gaýtadan dikeltdi

Azathabar.com 

Siriýanyň pitneçi söweşijileri gündogar Goutadaky bir enklawy ewakuasiýa edip, Russiýanyň araçylyk etmegindäki ylalaşygyň çäginde ýene bir territoriýany terk etmek barada ylalaşdylar. Bu bolsa, hökümet güýçleriniň Damaskyň etegindäki territoriýalaryň uly böleginde öz kontrollygyny dikeltmäge mümkinçilik döretdi diýip, uruş synçylary aýdýarlar. Başar al-Assadyň oppozisiýasynyň ýurduň demirgazyk-günbatarynda we günorta-günbatarynda birnäçe galalary henizem saklanýan bolsa-da, 23-nji martdaky özgerişlikler Siriýanyň prezidentini... Читать дальше...

Berdimuhamedow ŞHG-nyň Hytaýda geçjek sammitine gatnaşar

Azathabar.com 

Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda, türkmen lideriniň şu ýylyň iýun aýynda Sindao şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak meýlini gowy garşy alýandygyny aýtdy.

Lebap: Türkiýedäki migrant gyzlaryň yzyna dolanmagy üçin tagalla edilýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň käbir etraplaryndaky ýerli häkimiýetler 6-njy martda arçynlyklarda ýörite ýygnaklar geçirip, howpsuzlyk gullugynyň üsti bilen Türkiýä işlemäge gidip, 3 ýylyň dowamynda öýüne dolanmadyk, ylaýta-da, käbir gyz maşgalalaryň hossarlaryna olary yzyna getirmegi üçin, basyş etmäge başlandygy aýdylýar.