ru24.pro
World News in Turkmen
Май
2018

Sergeý Skripal keselhanadan çykdy

0
Martda Angliýada nerw gazy bilen zäherlenen ozalky rus içalysy Sergeý Skripal keselhanadan çykaryldy. Bu barada Britaniýanyň saglyk resmileri maglumat berýärler.


Skripal we onuň gyzy Ýuliýa 4-nji martda Angliýanyň Salisbury şäherinde bihuş ýagdaýda tapylypdylar. Ýuliýa Skripal 4-nji aprelde keselhanadan çykypdy.


Britan resmileri Sergeý we Ýuliýa Skripallaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat bermeýärler.