ru24.pro
World News in Turkmen
Май
2018

Eýranda YD-nyň hüjümleri bilen ilteşikli sekiz adam ölüme höküm edildi

0
Eýranyň sudy “Yslam döwleti” toparynyň parlamentde we Aýatolla Ruhollah Homeiniň mawzoleýinde amala aşyran hüjümleri bilen ilteşikli sekiz adamy ölüm jezasyna höküm etdi.


2017-nji ýylyň iýunynda amala aşyrylan hüjümlerde 18 adam heläk bolupdy. Bu hüjümler bilen ilteşikli ýene-de 18 adam suduň hökümine garaşýar.


Eýran hüjümlerde öldürilen bäş jeňçiniň we janyndan geçenleriň Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşendiklerini hem mälim etdi.