ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2018

Seul, Phenýan 27-nji aprelde sammit geçirmek barada ylalaşdy

0
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un we Günorta Koreýanyň prezidenti Mun Jae-in 27-nji aprelde serhetdäki obada duşuşarlar diýip, 29-njy martda Günorta Koreýanyň “Ýonhap” habar agentligi ýurduň resmilerine salgylanyp habar berdi.


Bu sammit 1950-53-nji ýyllardaky Koreýa urşundan bäri geçirilen şeýle duşuşyklaryň diňe üçünjisidir.


Demirgazyk Koreýanyň we Günorta Koreýanyň liderleriniň aprel aýynda duşuşjakdygy baradaky maglumat, iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasynda 28-nji martda Panmunjom serhet obasynda bolan gepleşiklerden soň mälim edildi.


29-njy martda “Ýonhap” habar agentligi iki tarapyň protokol, howpsuzlyk we media meselelerini maslahat etmek üçin 4-nji aprelde ýene bir taýýarlyk ýygnagyny geçirjekdigini aýtdy.


Bu gepleşikler, Kimiň we Hytaýyň prezidenti Si Szinpingiň şu hepde Pekinde geçiren garaşylmadyk duşuşygynyň yz ýanyna gabat geldi.