Aşgabat-Daşoguz ýolunda heläkçilikli ýol hadysasy boldy
Türkmenistanda Gurbanlyk günlerinde bolan ýol hadysalarynyň biri azyndan 6 adamyň ölümine getirdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary iki hepde mundan öň ýüze çykan bu pajygaly ýagdaý barada käbir maglumatlary topladylar.
Aşgabat-Daşoguz magistral ýolunda 6-njy iýunda bolan ýol hadysasyndan habarly çeşmelere görä, heläkçilikde wepat bolanlar Aşgabatdan demirgazyk welaýata barýan daşoguzlylardy.
"6-njy iýun Gurban baýramynyň 1-nji günüdi. "Toyota Sienne" kysymly awtoulag Derweze ýol gözegçilik postundan demirgazykda 80 kilometr uzaklykda bir ýeňil ulag bilen pete-pet gelip uruldy. Munuň netijesinde 6 adam hadysanyň bolan ýerinde jan berdi" diýip, çeşme aýdýar.
Çeşmeler howpsuzlyk aladalary sebäpli Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş boldular.
Çaknyşan awtoulaglaryň biri Aşgabada barýan hususy taksi bolup, onda ýolagçy ýokdy. "Toyota" kysymly awtoulagda 7 adam bolup, olar baýramçylyk güni Aşgabatdan Daşoguza barýardy.
"Raýatlar Ruhybelent we Akdepe etraplaryň raýatlary bolup olar Gurban baýramynda Aşgabatdaky iş ýerinden bir hepdelik rugsat alyp, maşgala agzalary bilen bellemek maksadynda gaýdan ekeni. Wepat bolanlaryň ählisi paýtagtda gurluşyk firmasynda zähmet çekýän adamlar" diýip, çeşme aýtdy.
Bu pajygaly ýagdaý barada gönüden-göni habarly çeşmeleriň maglumatlaryna görä, ýol hadysasynyň döremegi köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy we ýollaryň ýaramazlygy bilen bagly bolupdyr.
"Belent we pes çukanaklardan doly magistralda ýoluň abat ýerlerini saýlap sürýän sürüjiler garşy tarapyndaky ýola çykyp, hereket edýärler. Şu sebäpden awtoulaglar pete-pet gelip, ýol hadysasyna duçar boldular" diýip çeşme gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna mälim bolşuna görä, Gurban baýramynda ýol hadysalarynyň birnäçesi ýüze çykypdyr, emma Aşgabat-Daşoguz ýolundaky ýaly agyr netijeli bolmandyr.
Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan daşoguzlylaryň we aşgabatlylaryň aýtmagyna görä, adatça baýramçylyk günlerinde ýola düşýän kän bolýar, adamlar bir welaýatdan başgasyna köp gatnaýarlar.
"Gurban baýramy günleri Aşgabatdan Daşoguza öýlerine gaýtjak adamlar köp bolýar, ýol kreýi hem gymmat düşýär. Şol sebäpli daşoguzdan ulaglar boş gaýdyp, Aşgabatdan ýolagçylary adaty günlere garanda 5 esse gymmat nyrhdan gatnadyp, gazanç edýärler" diýip, daşoguzly gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bu ýol hadysasy barada ýol gözegçilik polisiýasynyň wekillerinden resmi maglumat alyp bilmedi.
Türkmenistanyň resmileri ýol hadysalary barada teswir bermeýär, döwlet mediasynda bu mesele gozgalmaýar.
Azatlygyň habarçylary şu ýylyň başyndan bäri adam pidalaryna sebäp bolan ona golaý ýol hadysady barada habar berdiler. Olaryň köpüsinde ýollaryň ýaramazlygy heläkçilige sebäp boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.