ru24.pro
World News in Turkmen
Июнь
2025
1
2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21
22
23
24
25
26
27
28
29
30

Ženewada Eýranyň we Ýewropanyň üç döwletiniň arasynda gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar

0

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi, Ysraýylyň Eýrana garşy zarbalaryny dowam etdirýän wagty, ABŞ bilen hiç hili gepleşik geçirmejekdiklerini aýtdy. Arakçi ABŞ-nyň hüjümlere göni gatnaşmaýandygyna garamazdan, Waşingtony Ysraýyla goldaw bermekde aýyplady.

Şol bir wagtda, media maglumatlaryna görä, Waşington bilen Tähranyň arasynda resmi däl gepleşikler alnyp barylýar. “Reuters” agentligi, çeşmelere salgylanyp, Arakçiniň ABŞ-nyň prezidentiniň ýörite wekili Stiwen Witkoff bilen telefon arkaly gepleşik geçirendigini habar berýär.

20-nji iýunda Ženewada Eýranyň daşary işler ministriniň Ýewropanyň öňdebaryjy üç döwleti we Birleşen Ştatlaryň NATO boýunça hyzmatdaşlary, ýagny Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň daşary syýasat ýolbaşçylary bilen duşuşygynyňbolmagyna garaşylýar.

Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda birek-birege zarbalar başlanandan soň, bu ýurtlar Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklere dolanmaga çagyrdylar.