ru24.pro
World News in Turkmen
Май
2025
1 2
3
4 5 6 7 8 9
10
11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27 28 29 30
31

Prezident Berdimuhamedow Astanada geçýän “Merkezi Aziýa – Italiýa” sammitine gatnaşýar

0

30-njy maýda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana iş saparyny amala aşyrýar. Onuň dowamynda Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa – Italiýa” görnüşindäki döwlet baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşýar.

Resmi maglumata görä, Türkmenistan we Italiýa medeni-ynsanperwer we arheologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki güne çenli 37 resminama ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzýär

Türkmenistanyň prezidenti 2009-njy we 2019-njy ýyllarda Italiýa resmi saparlary, 2015-nji ýylda bolsa iş saparyny amala aşyrdy. 2014-nji ýylda Italiýanyň premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi.