ru24.pro
World News in Turkmen
Май
2025
1 2
3
4 5 6 7 8 9
10
11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23
24
25 26 27 28 29 30
31

Новости за 13.05.2025

'Arkadag' futbol toparynyň üstünligi: Hökümet mejbury çäreler bilen halkara sport ýeňşini gutlaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda buýsanar ýaly halkara derejesinde üstünlikler kän bir gazanylyp durulmansoň, kiçeňräk halkara ýeňişleri hem hökümetiň guramalaşdyrýan mejbury çäreleri bilen gutlanýar diýip, bir ýerli synçy 'Arkadag' futbol klubynyň täze ýeňşini teswirledi. Iki ýyl ozal Arkadag şäherinde esaslandyrylan 'Arkadag' futbol topary golaýda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň üçünji derejeli Çagyryş ligasynyň oýunlarynyň final duşuşygynda Kambojanyň 'Swaý Rieng' topary bilen ýaryşyp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Читать дальше...

ABŞ müňlerçe owganystanlynyň wagtlaýyn gorag statusyny ýatyrdy

Azathabar.com 

12-nji maýda ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk boýunça departamenti Birleşen Ştatlarda ýaşaýan käbir owganystanlylaryň wagtlaýyn gorag statusynyň ýatyrylýandygyny mälim etdi. Departament bu karary Owganystandaky howpsuzlyk we ykdysady ýagdaýlaryň gowulaşmagy bilen düşündirdi. Içerki howpsuzlyk boýunça sekretar Kristi Noem Owganystan üçin berlen wagtlaýyn gorag statusynyň möhletiniň 20-nji maýda tamamlanjakdygyny, we onuň bes edilmeginiň resmi taýdan 12-nji iýulda güýje girjekdigini aýtdy. Wagtlaýyn gorag status programmasy uruş... Читать дальше...

Sowet döwründen galan köne awtobuslar köçelerden aýryldy, täze awtobuslar azlyk edýär – Türkmenabat

Azathabar.com 

Geçen hepdäniň ortalarynda Türkmenabatda sowetler döwründen galan köne, hususy awtobuslaryň gatnawy bes edilip başlandy. Ýerli ýaşaýjylar olaryň ornuna şäherde soňky ýyllarda has giň peýda bolup başlan täze, döwlet awtobuslarynyň ýerli ilatyň talabyny kanagatlandyrardan kemter galýandygyny aýdýarlar. “Onsuz hem şäherde hereket edýän döwlet awtobuslarynyň sany az diýip ýördük welin, 7-nji maýdan başlap, Sowet Soýuzy döwründen galan köne, hususy awtobuslaryň gatnawy bes edildi. Bu ulaglar esasan S.A... Читать дальше...

Tramp Ýakyn Gündogara saparyny Er-Riýaddan başlady

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 13-nji maýda irden Saud Arabystanyna geldi. Bu onuň ýanwar aýynda wezipesine girişenden bäri daşary ýurda eden ikinji sapary we ilkinji resmi halkara saparydyr. Onuň daşary ýurda birinji sapary aprel aýynyň ahyrynda rim papasynyň jaýlanyş dabarasyna gatnaşmak bolupdy. Trampyň uçary Er-Riýadyň aeroportuna gondy. Tramp saparynyň dowamynda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Mohammed bin Salman bilen gepleşikleri geçirer we maýa goýum forumyna gatnaşar. Çarşenbe güni Trampyň Katara... Читать дальше...

ICAO Russiýany 2014-nji ýyldaky “Boeing” betbagtçylygy üçin jogapkär diýip yglan etdi

Azathabar.com 

Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Geňeşi 2014-nji ýylda Donbas sebitiniň üstünde “Malaysia Airlines” awiakompaniýasynyň MH17 uçarynyň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda Russiýany jogapkär hökmünde ykrar etdi. Bu barada Niderlandlaryň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi. Beýanatda bellenmegine görä, Geňeş Russiýanyň Halkara raýat awiasiýasy baradaky Konwensiýanyň, ýagny Çikago konwensiýasynyň düzgünlerini bozandygyny kesgitledi. “Geňeş şeýle hem öwezini dolmak meselesine sereder... Читать дальше...