ru24.pro
World News in Turkmen
Март
2026
1 2 3 4 5 6
7
8
9 10 11 12 13
14
15
16 17 18 19 20
21
22
23 24 25 26 27
28
29
30 31

Новости за 31.03.2026

Eýran Täjigistanda dron zawodyny açandygyny aýtdy. Ýöne munuň alamaty ýok

Azathabar.com 

Eýranyň Täjigistanyň Duşenbe şäherinde dron zawodyny açmagyndan dört ýyla golaý wagt geçensoň, onuň işi - hatda bardygy - näbelliligine galýar. Bilermenler we resmiler bu desganyň dron öndürip-öndürmändigi ýa-da Eýranyň harby täsiriniň simwoliki alamaty hökmünde hyzmat edendigini baradaky soragyň jogapsyz galýandygyny aýdýarlar.

Türkmen-Özbek gatnaşyklarynyň giňemegini 'düşnüksiz gorky we pikirdäki ýapyklyk' bökdeýär

Azathabar.com 

Mart aýy türkmen we özbek resmileriniň arasyndaky duşuşyklara, şol bir wagtda-da iki goňşynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hakykatdan hem giňeldilmegine, iş, gazanç, söwda mümkinçilikleriniň köpeldilmegine bolan ýagşy umytlara diýseň baý boldy diýip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýakyndan synlaýan ýerli synçy habarçymyza aýtdy. Şol bir wagtda, gatnaşyklaryň giňemegi emeli ýagdaýda bökdelýär, sebäp diňe 'düşnüksiz gorky we pikirdäki ýapyklyk' bolup görünýär diýen pikir hem bar. Özbegistanyň Türkmenistandaky... Читать дальше...

Aşgabadyň aeroportynda polisiýa bilet nobatynda maýyp adamy urdy - şaýatlar

Azathabar.com 

Türkmenistanda içerki reýslere uçar biletleriniň gytçylygy saklanýar. Uly nobatlarda dawalar, hatda ýakalaşyklar hem bolýar. 30-njy martda Aşgabadyň aeroportunda bilet nobatynda bir maýyp adamyň polisiýa tarapyndan rehimsiz urlandygyny habarçymyz şaýatlara salgylanyp, habar berýär. Paýtagtdan welaýatlara gatnaýan uçarlara isleg artýarka, ýolagçylar uly nobatlara garamazdan, uçarda ýer tapmak tamasy bilen ençeme wagtlap garaşmaga razy bolýarlar. Aşgabadyň aeroportundaky awiakassada dörän şeýle nobatlaryň... Читать дальше...

Iri şahly mallaryň haram ölmegi bilen bagly ýagdaýlar Lebapda hem köpeldi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda iri şahly mallaryň arasynda näbelli kesel ýaýrap, sygyrlaryň köpçülikleýin ölmegine sebäp bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň gündogar sebitdäki ýagdaý barada beren maglumaty Balkan welaýatyndaky mal keseli barada habarlaryň yzýanyna gabat geldi. Sygyrlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna sebäp bolýan kesel Çärjew etrabynda we onuň düzümine girýän öňki Farap etrabynda, şeýle-de Dänew, Saýat we Hojambaz etraplarynda ýüze çykypdyr. Azatlyk Radiosy bilen 26–30-njy mart aralygynda söhbetdeş... Читать дальше...

ABŞ-nyň prezidenti türkmen liderini Nowruz baýramy bilen gutlady

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi diýip, türkmen metbugaty 30-njy martda habar berdi. “Nowruz baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn” diýip, Donald Tramp türkmen kärdeşine iberen gutlag hatynda aýtdy. “Nowruz baýramy, amerikan topragynda bolşy ýaly, bütin dünýäde hem parahatçylygyň dabaralanmagyny alamatlandyrýar” diýip, amerikan lideri 2026-njy ýylyň köp sanly asylly işlere baý bolmagyny dileg edýändigini hem sözüne goşdy.

Türkmenistan ÝUNISEF bilen bilimi, durmuş goraglylygyny ösdürmegi maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 30-njy martda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda bilim, durmuş goraglylygy we durnukly ösüş ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy. ÝUNICEF-iň Türkmenistan üçin 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen ýurt maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi diýip... Читать дальше...

WSJ: Tramp Hormuz bogazy ýapyk galsa-da, Eýrana garşy urşy soňlamaga taýýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp öz kömekçilerine hatda Hormuz bogazy ýapyk galsa-da, Eýrana garşy harby operasiýalary bes etmäge taýýardygyny aýtdy diýip, “The Wall Street Journal” gazeti administrasiýanyň resmilerine salgylanyp habar berýär. Aýdylmagyna görä, Tramp we onuň kömekçileri bogazy açmak operasiýasynyň konflikti uzaga çekjekdigi baradaky netijä gelipdirler. Prezident ABŞ esasy maksatlaryna - Eýranyň flotuna we raketa gorlaryna zarba urmaga - ýetmeli we soňra harby operasiýalary bes etmeli diýen karara geldi. Читать дальше...

Almatyly aklawçy agyr ýol hadysasy baradaky bellikleri üçin tussag edildi

Azathabar.com 

Almatyly aklawçy, sosial mediada millionlarça yzarlaýjysy bolan Adilethan Moldahan, ýerli metbugatyň habarlaryna görä, polisiýa tarapyndan saklanyp, deslapky tussaghana ýerleşdirildi. Almaty polisiýa bölüminiň metbugat üçin ýaýradan habarynda aýtmagyna görä, Moldahan bilkastdan ýalan maglumat ýaýratmakda güman edilip saklandy. Polisiýa onuň anyk haýsy beýanaty ýa pikiri üçin aýyplanýandygyny anyklaşdyrmady. Moldahan bir gün öň sosial mediada Almaty şäheriniň Al-Farabi köçesinde bolan we üç adamyň... Читать дальше...

Eýran Hormuz bogazyndan geçýän gämilerden töleg almagy meýilleşdirýär

Azathabar.com 

Eýran parlamentiniň Milli howpsuzlyk komitetiniň agzasy Alaeddin Borujerdi Hormuz bogazyndan geçmegiň tölegli boljakdygyny aýtdy diýip, Eýranyň SNN teleýaýlymy habar berdi. "Tiz wagtdan, kanun taslamasynyň kabul edilmegi bilen, bu suw ýoly täze ulgam esasynda dolandyrylar. Gämileriň howpsuzlygy we hyzmatlary kanun taslamasynda göz öňünde tutulan tölegler arkaly üpjün ediler" diýip, teleýaýlym Borujerdiniň sözlerine salgylanyp aýtdy. Tähranyň üstaşyr geçişden aljak töleginiň möçberi aýdylmady. Lloyd's... Читать дальше...