ru24.pro
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Новости за 20.10.2018

Owganystanda parlament saýlawlary geçýär (WIDEO)

Azathabar.com 

Owganystanda uzak wagtlap yza süýşürilen parlament saýlawlary başlandy. Şol bir wagtda, ýurt boýunça saýlaw uçastoklarynda tehniki meseleleriň we gazaplylygyň ýüze çykandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Saud Arabystany Stambuldaky konsulhanasynda žurnalistiň öldürilendigini boýun aldy

Azathabar.com 

Saud Arabystany özüniň Stambuldaky konsulhanasynda ýitirim bolan žurnalist Jamal Khaşogginiň ölendigini aýdyp, onuň gazaply “ýakalaşyk” netijesinde heläk bolandygyny öňe sürdi. Bu barada saudlaryň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesinde maglumat berildi. Habar serişdelerinde, resmilere salgylanyp, žurnalistiň ölümi bilen baglylykda “Patyşalygyň düýpli gynanç bildirýändigi” aýdyldy.   Khaşoggi 2-nji oktýabrda özüniň durmuş toýy üçin käbir dokumentleri almaga konsulhana gireninden soň hiç görünmändi. Читать дальше...

Çeçen lideri inguş protestçilerine ýene haýbat atdy

Azathabar.com 

Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow goňşy Inguşystanda iki regionyň arasynda baglaşylan ýer ylalaşygyna garşy protest geçirýänlere ýene haýbat atyp, çykyş etdi. Inguşystanyň paýtagty Magasda protestler dowam edýän pursady, Kadyrowyň bellikleri döwletiň eýeçiligindäki telewideniýede görkezildi. “Serhediň bir tarapynda çeçen, beýleki tarapynda hem inguş halkynyň topraklary ýerleşýär. Eger-de, olar hakyky är kişi bolsalar, goý, protestlerini şu ýerde gurnasynlar” diýip, Kreml tarapyndan goldanylýan Kadyrow çykyş etdi. Читать дальше...

Ozalky gyrgyz prezidentiniň ýarany gözlenýänleriň sanawyna goşuldy

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýewiň ýaranlarynyň biri Ikramjan Ilmiýanow korrupsiýada gaýybana aýyplanyp, gözlenýän adamlaryň sanawyna goşuldy. Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet Komitetiniň beren maglumatyna görä, prezidentiň ozalky maslahatçysy we prezident diwanynyň başlygynyň orunbasary bolan Ilmiýanow iýun aýynda ýurdy terk edipdir. Onuň häzir nirededigi näbelli bolmagyna galýar. Atambaýew geçen ýylyň noýabrynda häkimiýetden gidipdi. Şondan bäri onuň we häzirki... Читать дальше...

Putin, Mirziýoýew Özbegistanda atom elektrostansiýasynyň gurluşygyna badalga berdiler

Azathabar.com 

Rus prezidenti Wladimir Putin özüniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen Özbegistanyň günbatar Nowaýy sebitinde bina edilmeli atom elektrostansiýasynyň gurluşygyna badalga berdiler. Moskwa desganyň gurluşygynyň 11 milliard dollara barabar boljakdygyny aýdýar. Putin Mirziýoýew bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda desganyň “Özbegistanda täze senagat pudagyny” döretjekdigini aýtdy. Şeýle-de, Putin: “2.4-Megawatt kuwwatly iki reaktor Özbegistany we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerini arzan we arassa elektrik togy bilen üpjün eder. Читать дальше...