ru24.pro
World News in Turkmen
Август
2018

Новости за 05.08.2018

Janyndan geçen bombaçy Owganystanda NATO-nyň üç esgerini öldürdi

Azathabar.com 

“Talybanyň” janyndan geçen bombaçysy gündogar Owganystanda NATO-nyň Aýgytly goldaw güýçleriniň üç agzasyny öldürdi diýip, ABŞ harbylarynyň 5-nji awgustdaky beýanatynda aýdylýar. Çeh harbylary öldürilenleriň üçüsiniň hem çeh raýatlarydygyny aýdyp, beýanat çap etdi.  "Olaryň pidakärligi biziň ýüreklerimizde we taryhda orun alar hem-de biziň aýgytlylygymyzy berkider" diýip, ABŞ goşunlarynyň generaly, ABŞ-Owganystan Aýgytly goldaw güýçleriniň komandiri Jon Nikolsonyň beýanatynda aýdylýar.  Pyýada patruly nyşana alan partlamada ABŞ-nyň bir... Читать дальше...

Dmirgazyk Pakistanda mekdep otlamakda güman edilýän 17 adam tutuldy

Azathabar.com 

Pakistan polisiýasy demirgazykdaky Gilgit-Baltistan regionynda geçirilen operasiýada 12 mekdebe ot bermekde güman edilýän adamlaryň azyndan 17 sanysyny tussag etdi. Bu hüjüm 3-nji awgust güni irden,Gilgit-Baltistanyň Diamer etrabynda gurnaldy. Gilgit-Baltistanyň ýerli adminstrasiýasynyň sözçüsi Faizullah Firak 5-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna bu operasiýanyň 4-nji awgustda başlanandygyny we şindi hem dowam edýändigini gürrüň berdi. Polisiýa mekdep otlamagyň utgaşdyrylan hereket bolandygyny aýdýar. Читать дальше...

Wenezuelanyň prezidenti Maduro 'kast ediş hüjüminden' aman galandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Wenezuelanyň prezidenti Nikolas Maduro partlaýjy ýüklenen dron arkaly “janyna kast edilmek” synanyşygyndan aman galandygyny aýdýar.  4-nji awgustda Karakasda bir harby çäreden göni alnyp görkezilýän telereportažda çykyş edip duran Maduronyň birden çykan gümpüldä aňalyp seredişi, onlarça esgeriň dyr-pytrak bolup gaçyşlary görünýär. Häkimiýetler Maduro tarapyndan Kolombia pitneçi toparyndan görlen hadysada ýedi esgeriň ýaraly bolandygyny aýdýarlar. Kolombia bu aýyplamanyň “esassyzdygyny” aýdyp, ony inkär etdi. Читать дальше...

Eýrandaky protestler bäşinji gün hem dowam etdi, protest mahalynda adam öldi

Azathabar.com 

Ykdysady kynçylyklar sebäpli bildirilýän gahar-gazabyň güýçlenmegi bilenbaşlanan demonstrasiýalar demirgazyk Eýranda tapgyr bäşinji gün, media öldürilen birinji protestçi we şaýy seminariýasyna edilen hüjüm barada habar bereninden bir gün soň, 4-nji awgustda hem dowam etdi.  Sosial mediada çap edilen wideolar paýtagt Tähranda, Karaj, Şiraz, Meşed, Yspyhan we Kum şäherlerinde boldy diýilýän ýygnanyşyklary görkezdi.  Bu protest aksiýalary, prezident Donald Trampyň maý aýynda Tähran bilen dünýä... Читать дальше...

Afrikada öldürilen rus žurnalistleriniň jesetleri Moskwa getirildi

Azathabar.com 

Merkezi Afrika Respublikasynda (MAR) öldürilen üç rus žurnalistiniň jesetleri Fransiýanyň howa ýollarynyň uçary arkaly Parižden Moskwa getirildi. “The FlightAware” websaýty uçaryň 5-nji awgustda, ýarygijeden biraz soň Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunda gonandygyny habar berdi. Fransuz howa ýollarynyň uçary merhumlaryň jesetlerini afikan topragyndaky Bangi şäherinden alyp gaýtdy. Pidalaryň biriniň dosty Maksim Şewçenko döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugyna jesetleriň ilki morga (meýithana) eltilip... Читать дальше...