ru24.pro
World News in Turkmen
Январь
2018

Новости за 02.01.2018

Eýrandaky protestlerde ölenleriň sany artýar

Azathabar.com 

Eýranda resmileriň basyp ýatyrmak bilen haýbat atmagyna garamazdan bäş gün bäri üznüksiz dowam edýän hökümete garşy protestler öten agşam ýene dokuz adamyň, şol sanda bir polisiýa işgäriniň öldürilmegi bilen gazaply herekete ýazdy.

Kiýewde ýüzlerçe adam ýöriş geçirip aklawçynyň ölümini derňemegi talap etdi

Azathabar.com 

Ukrainanyň paýtagtynda ýüzlerçe adam ýöriş geçirip, içeri işler ministri Arsen Awakowyň wezipesinden çekilmegini we aklawçynyň ölümini derňemegi talap etdi. Protestçiler Iryna Nozdrowskanyň jesediniň tapylmagynyň ertesi 2-nji ýanwarda Kiýewiň regional polisiýasynyň edara jaýynyň öňünde jemlendiler. Aklawçynyň 29-njy dekabrda ýitirim bolandygy habar berlipdi. Regional polisiýasynyň müdiri Dmytro Tsenow protestçiler bilen duşuşdy we bilermenleriň ýörite toparynyň Nozdrowskanyň ölümini derňeýändigini habar berdi. Читать дальше...

Pakistan Trampyň Yslamabada kömegi kesmek barada çykyşyndan soň ABŞ-nyň ilçisini çagyrdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Pakistana milliardlarça dollarlyk kömegi kesmek barada haýbat atmagyndan we ony terrorçylar üçin gaçybatalga bermekde aýyplamagyndan soň Yslamabat ABŞ-nyň ilçisini çagyrdy. Trampyň 1-nji ýanwarda eden bu beýanaty Pakistanda gahar döretdi. Yslamabat ABŞ-ny “ynamsyzlykda” aýyplady. ABŞ-nyň ilçihanasynyň metbugat wekili ilçi Dawid Haleniň Pakistanyň resmileri tarapyndan duşuşyga çagyrylandygy 2-nji ýanwarda tassyklady, emma jikme-jik maglumat bermekden saklandy. Читать дальше...

Awtoulaglary ak reňke boýamak birden gymmatlady

Azathabar.com 

28-nji dekabrda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan Aşgabat şäherinde ilatyň münýän gara reňkli awtoulaglaryny sürmeklige gadagançylyk girizlip, gara reňkli awtoulaglar jerime awtoduralgasyna ýygnaly başlandy.

Orsýetiň Içeri işler ministrligi öz işgärlerine Türkmenistanda dynç almagy rugsat berdi

Azathabar.com 

Orsýetiň Içeri işler ministrligi öz işgärlerine dynç alyşy Türkmenistanda geçirmäge rugsat berdi. Orsýet mediasynyň içeri işler ministri Wladimir Kolokoltsewiň kararyna salgylanyp, habar bermegine görä, 2018-nji ýylda Türkmenistan Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň işgärlerine dynç almaga rugsat berilen ýurtlaryň resmi sanawyna girizilipdir. Şeýle-de bu sanawda Azerbaýjan, Ermenistan, Abhaziýa, Belorus, Wýetnam, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Kuba, Täjigistan, Özbegistan we Günorta Koreýa görkezilýär. Читать дальше...

Eýrandaky protestleriň dowamynda heläk bolanlaryň sany 20 adama ýetdi

Azathabar.com 

Eýranda hökümete garşy protestleriň dowamynda adam pidalarynyň sany köpeldi. Hökümetiň protestleri basyp ýatyrmak barada eden duýduryşyna garamazdan, güýçlenen we tutuş ýurda ýaýran çykyşlaryň bäşinji gijesinde 9 adamyň, şol sanda polisiýa işgäriniň heläk bolandygy habar berildi. Sosial mediada ýerleşdirilen wideoda Kahderijan şäherinde polisiýa bölümine hüjüm edýän demonstrantlar görkezildi. 2-nji ýanwarda döwlet telewideniýesi wepat bolan 9 adamdan ýedisiniň merkezi Isfahan şäherinde polisiýa bölümine hüjüm edip... Читать дальше...

Aşgabat aeroportynda dermanlar ‘geçirilmeýär’

Azathabar.com 

Türkmenistana daşary ýurtlardan dolanyp gelýän raýatlaryň migrasiýa we gümrük gullugynda her dürli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada barha köp maglumat gelip gowuşýar.

Türkmenistanda goňşy Eýrandaky protestler barada habar berilmeýär

Azathabar.com 

Eýranda 28-nji dekabrdan bäri hökümete garşy protestler dowam etdirilýär. 30-njy dekabrda agşam protestler ýurduň köp sanly iri şäherlerine ýaýrady. Eýranyňdöwlet telewideniýesi protestleriň dowamynda 20 adamyň, şol sanda polisiýa wekilleriniň heläk bolandygyny mälim etdi. Habar berilişine görä, Eýranda 2009-njy ýyldan bäri hökümete garşy geçirilýän bu iň uly protest çykyşy ykdysady sebäplerden başlandy, adamlar azyk önümleriniň gymmatlamagyna, ilkinji nobatda-da ýumurtga we guş eti ýaly harytlaryň... Читать дальше...

Azatlygyň habaryndan soň, kafedra müdiri işinden aýryldy

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň ýurduň iň iri ýokary okuw jaýlarynyň biriniň talyplaryndan mejbury para alynýandygy barada taýýarlan ençeme maglumatlaryndan soň, geçen hepde bu ýokary okuw jaýynyň kafedra ýolbaşçysy wezipesinden çetleşdirildi.

Türkmenistan: “Oguz han we onuň ogullary” atly fontanlaryň awtoryna 'Hormatly halk ýaşulusy' ady berildi

Azathabar.com 

Aşgabadyň halkara aeroportunyň girelgesinde ýerleşýän suw çüwdürimler toplumynyň awtory skulptor Saragt Babaýew “Hormatly halk ýaşulusy” ady bilen sylaglandy. Türkmenistanyň halk hudožnigi, Çeperçilik sungaty boýunça ýörite döwlet akademiýasynyň mugallymy 70 ýaşly Babaýewe bu hormatly adyň 1-nji ýanwarda Medeniýet ministrliginde gowşurylandygyny TDH gullugy habar berýär. “Dabaraly çärede çykyş edenler döwrüň türkmen sungatynyň wekiliniň ýylyň birinji güni hormatlanmagy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň... Читать дальше...

Türkmenistan: “Oguz han we onuň ogullary” atly fontanlaryň awtoryna "Hormatly halk ýaşulusy ady berildi

Azathabar.com 

Aşgabadyň halkara aeroportunyň girelgesinde ýerleşýän suw çüwdürimler toplumynyň awtory skulptor Saragt Babaýew “Hormatly halk ýaşulusy” ady bilen sylaglandy. Türkmenistanyň halk hudožnigi, Çeperçilik sungaty boýunça ýörite döwlet akademiýasynyň mugallymy 70 ýaşly Babaýewe bu hormatly adyň 1-nji ýanwarda Medeniýet ministrliginde gowşurylandygyny TDH gullugy habar berýär. “Dabaraly çärede çykyş edenler döwrüň türkmen sungatynyň wekiliniň ýylyň birinji güni hormatlanmagy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň... Читать дальше...