ru24.pro
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Gazak häkimiýetleri Internetde terrorizmi propaganda etmekde 10 şübhelini tussag etdi

0
Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti (KNB) Internetde terrorizmi propaganda etmekde şübhe bildirip, 10 adamy tussag etdi.


Gazak Milli howpsuzlyk komitetiniň 29-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, şübheliler geçen hepdäniň ahyrynda ýurduň iň uly şäheri Almatyda, şeýle-de Akmola we Karagandy regionlarynda geçirilen gözleg operasiýalary döwründe tussag edildi.


Beýanatda aýdylmagyna görä, şübheliler “terrorizmi propaganda etmek we dini gapma-garşylygy öjükdirmek” üçin sosial ulgamlaryndan we messenjer tilsimlerinden peýdalandy.


Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň hökümetiniň tankytçylarynyň aýtmagyna görä, häkimiýetler ýurtdaky başga pikirli adamlara basyş etmek üçin ekstremizm aýyplamasyny ulanýarlar.